Welaýat çagalar kitaphanasynda «Hünäre höwes — bilime yhlas» atly wagtlaýyn sergi açyldy.

Türkmenabat şäherindäki orta mekdepleriň okuwçylary, mugallymlar, mekdebe çenli çagalar edaralarynyň körpeleri, olaryň terbiýeçileri sergini ilkinjileriň hatarynda synladylar. Bu ýerde çagalar edebiýatynyň görnükli wekilleri: ýazyjylar R.Seýidowyň, K.Taňrygulyýewiň, H.Şirowyň, M.Kaharowanyň, şeýle-de, daşary ýurtly ýazyjylaryň çagalar üçin döreden eserleri goýlupdyr. Olaryň arasynda şol sanda hünärleriň aýratynlyklaryny açyp görkezýän goşgular, hekaýalar bar.

Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşyjylar kitaphana işgärleriniň türkmen halk ertekileriniň esasynda goýan gurjak oýunlaryna tomaşa etdiler. Olarda lebzihalallyk, watansöýüjilik, dosta wepalylyk ýaly häsiýetler açylyp görkezildi. Şonuň ýaly-da, körpeleriň we mekdep okuwçylarynyň ýaş aýratynlyklaryna laýyklykda hünärler barada düşünjeler berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: