Maksadymyz ― şanly ýyly üstünliklere beslemek

 2023-nji ýylyň ýurdumyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly» diýlip yglan edilmegi, ilkinji nobatda, ýaşlaryň iň kän ýygnanan ýerleriniň biri bolan bilim ojaklaryny işleri döwrebap hem-de şanly ýylyň şygaryna mynasyp derejede ýola goýmaga borçlandyrýar. Şu maksatdan ugur alyp, biziň bilim ojagymyzda ― S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hem şanly ýylyň dowamyndaky okuw we köpçülikleýin çärelerdir işleri ýylyň şygaryna laýyklykda guramaga aýratyn üns berilýär.

Munuň üçin häzirki dowam edýän okuw ýylynda göz öňünde tutulan köpçülikleýin çäreleriň, okuw-tejribelik işleriniň mazmunyna özgertmeler girizilip, olaryň «Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynyň» maksadyna-matlabyna laýyk gelmegi gazanyldy. Eýýäm şanly ýylyň ilkinji günlerinden bilim ojagymyzda Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda döwrüň iň ösen mümkinçiliklerinden peýdalanyp bilim alýan ýaşlarymyzyň watanperwerlik duýgusyny güýçlendirjek çäreleriň birnäçesi geçirildi.

Talyp ýaşlaryň hem öz öňünde duran maksatlaryna dogry düşünip, şanly ýylyň adyna, şygaryna mynasyp okamaga, hünärini kämil derejede özleşdirip, mynasyp uçurym bolmaga yhlas edýändigini görmek juda ýakymly. Mahlasy, şanly ýyla berlen at, nesip bolsa, onuň ähli günlerine öz nuruny çaýar. Türkmen ýaşlary özleriniň Gahryman Arkadagynyň, Arkadagly Serdarynyň ýolbaşçylygynda has belent sepgitlere ýeter.

Rejep JORAÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Adblock
detector