Maksada ynamly ýaşlar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda ýaş nesil barada döwlet derejesinde edilýän aladalar özüniň oňyn netijesini berýär. Bu günki gün Watanymyza, halkymyza, oňyn ýörelgelerimize, milli däp-dessurlarymyza wepaly, bilimini ýokarlandyrmaga, sport bilen meşgullanmaga, hünär öwrenmäge, zähmet çekmäge höwesli hem-de ruhubelent ýaşlar kemala gelýär.
Häzirki wagtda eziz Diýarymyzda ýaşlar baradaky döwlet syýasaty üstünlikli amala aşyrylýar. Elbetde, okamak we öwrenmek, sport bilen meşgullanmak, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek bilen, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine mynasyp goşant goşmak bagtyýar nesillerimiziň baş maksady bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Diýarymyzda halkymyzyň baý medeni mirasyny gorap saklamak we öwrenmek, milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy wagyz etmek arkaly sagdyn, bilimli, ýokary aň-düşünjeli, watansöýüji ýaş nesiller üçin maksatnamalaýyn işler yzygiderli amala aşyrylýar. Türkmenistanyň ýaş raýatlarynyň döwletiň we jemgyýetiň ykdysady, syýasy we medeni durmuşyna işjeň gatnaşmaklaryny gazanmak, şeýle hem olarda belent ruhy-ahlak ýörelgeleri kemala getirmek, ösüp gelýän nesli watançylyk, ynsanperwerlik hem-de zähmetsöýerlik ruhunda terbiýelemek işine möhüm ähmiýet berilýär.
Hormatly Prezidentimiziň durmuşa geçirýän beýik işleriniň gözbaşynda Watan hem-de halk barada edilýän çäksiz alada durýar. Ýurdumyzda amala aşyrylýan özgertmeler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlar barada edýän aladalaryna jogap edip, ýaşlary döwrebap terbiýelemek üçin yhlasly zähmet çekilýär.
Biz ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döredijilik hem-de sport bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag, başlarynyň dik bolmagyny, işleriniň rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.
Gadamjanowa Gunça
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby