TÜRKMENISTAN HABARLARY

Makron türkmen halkynyň Milli Lideri bilen bolan duşuşyk barada habar berdi

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Fransiýa Respublikasyna amala aşyrýan resmi saparyň çäklerinde Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron bilen duşuşdy.
Fransiýa Respublikasynyň Prezident Emmanuel Makron bu duşuşygy özüniň “X” (ozalky Twitter) jemgyýetçilik torunda türkmen dilinde habar berdi.
Makron jemgyýetçilik torunda esasan hem şeýle diýdi: 
– Men şu gün agşam türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowy bilen duşuşdym. Fransiýa bilen Türkmenistanyň arasynda energiýa geçişi, infrastruktura, bilim we medeniyet ugurlarynda birnäçe ylalaşyga gol çekdik. Bu ylalaşyklar hyzmatdaşlygymyzyň barha güýçlenýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.