Garyşyk stilde (MMA) çykyş edýän türgenler Dastin Porýe bilen Konor Makgregoryň arasynda tutluşygy synlamak üçin biletler bir minuda galman satylyp gutardy. Bu barada özüniň «Twitter»-inde Absolýun söweş çempionatynyň (UFC) ýolbaşçysy Deýn Uaýt habar berdi, diýip «mail.ru» ýazýar.
Las Wegasda geçiriljek tutluşyk bilen 10-njy iýulda «UFC 264» turniri başlanar. Oňa 20 müň adam tomaşa eder diýlip garaşylýar.
Ýanwarda Makgregor Porýeden duýdansyz ýeňildi. Şeýlelik bilen, amerikaly pälwan 2014-nji ýyldaky ýeňlişi üçin aryny aldy. Ikinji gezekdäki duşuşykdan soň olaryň ikisi hem üçünji gezek duşuşjakdygyny aýtdylar.
Makgregor bilen Porýeniň duşuşygyna biletler bir minuda galman satyldy
19
Apr

