YKDYSADYÝET

«Mähriban obam» önümini daşary ýurtlara eksport edýär

Geçen ýyl Mary welaýatynyň Sakarçäge etrabynda açylyp ulanylmaga berlen «Mähriban obam» hususy kärhanasynyň degişli ýyladyşhana toplumynda ýetişdirilýän ýokary hilli, ekologiýa taýdan arassa pomidorlara eýýäm diňe bir içerki bazarlarymyzda däl, eýsem, Russiýa, Gazagystan, Gyrgyzystan, Azerbaýjan, Täjigistan ýaly döwletlerde hem uly isleg bildirilýär. Geçen ýyl ýyladyşhananyň işgärleri 1 müň 575 tonna pomidor hasylyny isleg bildirýän ýurtlara eksport etdiler.

Etrabyň «Akýap» daýhan birleşiginiň ekin meýdanynyň 8 gektaryny tutýan ýyladyşhanada, esasan, pomidoryň «Altess F1» görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Ýyladyşhanada alnyp barylýan işlere sanly ulgamyň üsti bilen erk edilýär. Bu bolsa ýyladyşhananyň ýylylyk, suwaryş, çyglylyk, iýmitlendiriş işlerini ýola goýmagy ýeňilleşdirýär.

Bu barada «Türkmenistan» gazeti ýazýar. 

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: