BIZE YAZYARLAR

Mahmal owazlar

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebinde  nusgawy sazlaryň agşamy geçirildi. Bu dabara   mekdebiň  “Sazyň taryhy we nazaryýeti ” bölüminiň mugallymlarynyň  gurnamagy bilen, sungat äleminde  öçmejek  yz  galdyran daşary ýurt we türkmen  nusgawy  kompozitorlaryň  döredijiligine bagyşlandy. Konsertiň meýilnamasy  barokko, klassyk we romantik  akymlarynyň  şeýle – de türkmen  nusgawy  kompozitorlaryň  eserlerinden düzülip, her kompozitoryň  döredijiligi  hakynda  mugallymlar  J.N.Reýimowanyň,  A.A. Amandurdyýewanyň,  N.B.Narbaýewanyň,  J.Bekjanowanyň  gürrüň beren gyzykly maglumatlary  bilen utgaşdyrylyp  düzüldi.

Bu konserte  mekdebiň  halypa mugallymlary bilen ýaş zehinli mugallymlary işjeň gatnaşyp, okuwçylaryň  saz-sungata bolan söýgüsini  we gyzyklanmasyny diýseň artdyrdy. Mekdebiň “Fortepiano” bölüminiň ýokary derejeli mugallymlary T.Ş Kaşaýewanyň we R.M. Şamsiýewanyň taýýarlan okuwçylary W.A.Mosartyň fortepiano sonatalarynyň yerine ýetirijilik aýratynlyklary bilen diňleýjileri tanyş etdiler. Bu bölümiň 5 – nji synp okuwçysy, Halkara bäsleşikleriň ýeňijisi, Gul baba baýragynyň eýesi N.Reýimow  kompozitoryň Do mažor şeýle-de 7-nji synp okuwçysy N.Ýalkapowa Do minor sonatalaryny  ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler. I. Bramsyň  Wenger tansyny we  Ž. Bizeniň “Karmen” operasyndan  Uwertýurany mugallym L.Kerimowanyň ezberlik bilen sazandarlyk etmeginde  T.Hemraýewiň  okuwçylary M.Hamraýewa kanun  we I. Babaýew plektrli dutar saz gurallarynda ýerine ýetirdiler. Mekdebiň “Üflenip we kakylyp çalynýan saz gurallar” bölüminiň mugallymy  F.Nazarowyň okuwçysy J.Mansurow A.Wiwaldiniň sol minor konsertini , mugallym B.Ahmedowyň okuwçysy B.Rozyýew W.Mosartyň Lýa mažor sonatasynyň üçünji bölümini  ksilofon saz guralynda  M.Gorbunowanyň sazandarlygynda ýerine ýetirdiler. Mugallymlar M.Hemraýewanyň  taýýarlamagynda we  O.Salikowanyň sazandarlygynda   I.S.Bahyň ajaýyp eserlerini  mekdebiň fleýtaçylar topary şeýle – de mugallym G.Şaripowyň okuwçylary   klarnetçileriň  dueti bolup ýerine ýetirdiler.  “Tans sungaty”  bölüminiň okuwçylary, mugallymlar Ýe.Rozyýewanyň we L.Ramazanowanyň taýýarlamagynda  kompozitor A.Adanyň dünýä belli “Žizel”baletinden   “Joralaryň tansy” sahnasy, “Karmen”operasyndan Habanera we I.Ştrausyň “Gözel mawy Dunaýyň kenarynda” eserlerine nusgawy balet tanslaryny ýerine ýetirip sahnaň bezegini has – da artdyrdylar. “Milli saz gurallar” bölüminiň “Plektrli dutar” hünäriniň mugallymy A.Abdullaýewiň ýekelikde we sazandar A.Ilowanyň ezberlik bilen  çalmaklarynda  ispan kompozitory P.de Sarasateniň “Sygan heňleri” eseri ýaňlandy. Halypa mugallym N.Joraýewiň 5-nji synp okuwçylary M.Zakirjanow we R.Berdiýew  kompozitor A.I.Haçaturýanyň belli rus şahyry  M.Lermontowyň “Bal Maskarad” dramasyna ýazan walsyny duet bolup we R.Berdiýew  ýekelikde  W.A.Mosartyň “Kiçijik gijeki serenadasy” atly  ajaýyp eserleri üstünlikli ýerine ýetirdiler. Olara tejribeli mugallym  O.Salikowa  sazandarlyk etdi. “Kirişli saz gurallar” bölüminiň  mugallymy  S.Sardarýanyň  7-nji  synp okuwçysy  G.Tursunowa Awstriýanyň belli skripkaçysy we kompozitory F.Kreýsleriň “Kiçijik Wena marşyny”, mugallym F.Muradowyň 7-nji synp okuwçysy E.Atamuradowa Türkmenistanyň Halk artisti, kompozitor  Çary Nurymowyň skripka we fortepiano üçin sonatasyny, mugallym S.Jabbarowanyň  2-nji synp okuwçysy K.Ýusupowa  nemes kompozitory  G.Telemanyň skripka we fortepiano üçin lýa minor konsertiniň final bölümini  ezberlik bilen ýerine ýetirmegiň hötdesinden geldiler. Bu zehinlere mugallymlar T.Kaşaýewa, M.Gorbunowa sazandarlyk etdiler. Mugallym S.Sardarýanyň ýolbaşçylyk etmeginde,”Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan mekdebiň “Bagtyýarlyk” skripkaçylar topary diňleýjileri özüniň saýlap alan meýilnamasy bilen haýran galdyrdylar. Toparyň aglaba böleginiň kiçi synplardygyna seretmezden, olar belli rus kompozitory M.P.Musorgskiniň “Soroçin ýarmarkasy” atly operasyndan “Gopak” tansyny we Türkmenistanyň Halk artisti, Döwlet baýraklarynyň eýesi N.Halmämmedowyň halkyň kalbynda baky orun alan “Şükür bagşy” kinofilmine döredilen, çylşyrymly we ýokary ýerine ýetirijilik ussatlygy talap edýän ýaryş sahnasynyň sazyny ýerine ýetirdiler. Olara mugallym L.Kerimowa sazandarlyk etdi.”Halk saz gurallar” bölüminiň halypa mugallymy I.Şaripowyň –nji synp okuwçysy D.Babaýewiň akkordeon saz guralynda G.Gendeliň Kuranta eseri bilen  diňleýjileriň ünsüni özüne çekdi. Bu ajaýyp konserti jemlemek  ýene-de nemes kompozitory, Barokko döwrüniň görnükli wekili bolan G.F.Gendeliň bütindünýä sazsöýüjileriň söýgüsini gazanan Sarabanda we waraisiýalar eseri bilen halypa mugallym G.Saparowanyň dirižýorlyk etmeginde  mekdebiň halk saz gurallar orkestriniň paýyna düşdi.

Ähli ýaş zehinlere we olary sungat älemi bilen tanyş edýän mugallymlara üstünlikler arzuwlap, mekdebiň direktory B.A.Ýazmyradow bu ajaýyp agşamy jemledi.

Lebap welaýat çagalar sungat mekdebiniň “Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň

mugallymy Jahangül Bekjanowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: