SUNGAT ADAMLARY

Magtymuly Pyragy akyldar şahyr.

Tagzym saňa Pyragy!
Seniň wesýetiňe eýerip, uýup,
Watany janyndan ileri goýup,
Pähimdar ogluny sarpalap, söýüp,
Halkyň saňa tagzym edýär, Pyragy!

Arkadagyň beýik başlangyçlary,
Rowaçlanyp, işler gidýär ileri,
Ösüşleri haýran edýär illeri,
Halkyň saňa tagzym edýär, Pyragy!

Günbe-günden artyp şanyň-şöhratyň,
Jahan içre belent ýaňlanýar adyň,
Ýatlap, hatyralap eziz zürýadyn,
Halkyň saňa tagzym edýär, Pyragy!

Seniň her setiriň deňelýär zere,
Olar dile sena, söýegdir sere,
Pähim-paýhasyňa el bere-bere,
Halkyň saňa tagzym edýär, Pyragy!

Geçdi, ýene geçer asyrlar, ýyllar,
Keşbiňi ýöreder geljek nesiller,
Adyň aýdym edip saýrar bilbiller,
Halkyň saňa tagzym edýär, Pyragy!

Aşgabat
Binalaryň don geýipdir mermerden,
Gupbalary altyn-kümüşden, zerden,
Jennete öwrülip galdyň sen ýerden,
Gören galkar bu ahwaly, Aşgabat!

Baky gelen bagtýarlyk çagyň bar,
Eremiň bagyndan artyk bagyň bar,
Howandaryň – dana Arkadagyň bar,
Hasyl bolýar il wysaly, Aşgabat.

Türkmen gylygyna taryh beletdir,
Onuň ruhy kyn günde-de belentdir,
Kalbynda päk arzuw, ýagşy niýetdir,
Şoň üçin açykdyr aly, Aşgabat.

Bu gün seni, bizi ýalkandyr Alla,
Sen dünýä nur saçýaň Gün kimin ylla,
Erteleň has ajap bolar enşalla,
Geçersiň şöhratly ýoly, Aşgabat.

Oksana Ruslanowa,
Türkmenabadyň Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: