Watançylyk türkmenimiň her biriniň aňyna gan bilen, ata göreldesi, ene mähri bilen siňen duýgudyr. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy hem Watany ähli zatdan eziz görüp, ykbalyny halk bilen, Watan bilen baglandyr. Ol öz şygyrlarynda Watana bolan söýginiň, wepadarlygyň ösmegi üçin şeýle nesihat edýar.
Hydyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn
Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn
Bir suprada eda bolsun aşymyz
Türkmen şygyrýetiniň ägirdi hasaplanýan Magtymguly atamyzyň döredijiligi ondan öňki ýaşap geçen şahyrlarymyzyň döredijiliginiň jemi, geljek döwrüň şahyrlary üçin bolsa görelde, nusgalyk mekdep bolup biler diýsek ýalňyşmarys.
Şahyryň her bir şygyrynda türkmenleriň köňül islegine, “Garaşsyz döwlet” bolmak islegine gabat gelmek bolýar. Watançylyk terbiýäniň belent nusgasy bolup durýan şahyryň şygyrlary biziň günlerimizde-de ýaş nesilleri ynsanperwerlige, watansöýüjilige çagyrýar. Watançylyk duýgusy adamyň ýaşaýşa bolan höwesini artdyrýar, gelejege bolan ynamyny berkidýär, ata, ene, perzent, ojak ýaly mukaddesliklere imrindirýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bize sowgat eden “Magtymguly-dünýäniň akyldary” atly kitaby türkmen ruhynyň almaz täjine deňelýän Magtymguly Pyragy barada söz açýan eserdir. Eser beýik akyldara bagyşlanan bolup onuň watançylyk duýgulary, düşünjeleri türkmen ýaşlaryna görelde bolmagy babatyndadyr.
ŞERALIÝEWA Gözel,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň Türkmenabat agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň talyby.