Halkymyz saza aýratyn gadyr goýýar. Türkmeniň sähralygynda goýun bakýan çopanlary hem gargy tüýdükdir, dilli tüýdük çalyp älemi owazlandyryp, alaýaza öwürmegi başarýar. Türkmeniň ýaňy dünýä inen nesilleriniň gulagy hem ene hüwdüsinden ganyp ulalýar. Olaryň hüwdi sesine rahatlanyp, süýji uka gitmegi diýseň täsin zat. Şonuň üçin hem lukmanlar sazyň ula-kiçä gowy täsiriniň bardygyny aýdýarlar. Saz adamyň aňyny, bedenini rahatlandyrýar. Hatda gyzamyk çykarýan çagalara-da saz diňletseň onuň endamyna gyzamygyň örgünleri tiz örýär. Men șu pursatda ýene bir hakykaty aýratyn belläsim gelýär. Türkmeniň meşhur kinofilmi «Şükür bagşyny» görmedigimiz ýok bolsa gerek. Șol filmde hem ýaragyň bitirip bilmedik işini Şükür bagşynyň ajaýyp sazlarynyň bitirýändigi diýseň täsirlidir. Ol diňe kino däldir. Ol türkmeniň şöhratly ykbaly, parahatçylyk söýüji halkymyzyň dana paýhasydyr. Bahar aýlary gelende baglaryň üstünde saýraşýan dürli-dürli guşlaryň sesiniň hem aýratyn täsiri bolýar. Çünki, ol sesler dürli notalardan çykýan owazlara çalym edýänligi üçin adamlarda aýratyn täsir galdyrýar. Halkymyz gadymy döwürlerden bäri gynansa-da, begense-de diňe saz bilen öz duýgusyny beýan edip gelipdir. Şol döwürlerde ýigit bir gyza öz söýgüsini söz bilen beýan etmäge utanan, çekinen pursatlarynda ony saz bilen äşgär eder eken. Magtymguly atamyz hem: «Magtymguly, sözlerim saza goşsaň uz bolar» diýmek bilen, sazyň bar ýerinde sözüň täsiriniň artýandygyny aýdyp geçipdir. Diýmek, saz biziň durmuşumyza ornan, süňňümize siňen sözsüz sözläp bilýän keramatdyr. Ol adamyň içki dünýäsine ýol salyp, onuň kalbynda dil bilen düşündirip bolmajak ajaýyp duýgulary döredýän täsin gudrat.
Ruhiýa KILIÇÝEWA,
Köýtendag etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

