BIZE YAZYARLAR

Magtymguly sözlerim, saza goşsaň uz bolar.

Türkmen  halkynyň  nusgawy  poeziýasynyň  sakasynda  durýan,  diňe  bir  türkmen  halkynyň  däl,  eýsem  umumadamzat   şahyry   hasaplanylýan    beýik  Magtymguly  Pyragynyň  at – owazasynyň    dünýä  çykmagy   türkmen  halkynyň   milli,  edebi  mirasynyň,  medeniýetiniň  dünýä  çykmagydyr.  Bu  babatda, eýýäm  geçen  2023 – nji  ýylda  akyldar  şahyrymyzyň   doglan  gününiň  300  ýyllygyna   bagyşlanan  çärelere    halkara  derejesinde  badalga  berilmegi   Gahryman  Arkadagymyzyň,  Arkadagly  Gahryman  Serdarymyzyň   bu  ugurda  alyp  barýan  tutumly  işleriniň   dünýä  derejesinde  ykrar  edilmegidir.  Geçen  ýylda  diňe  bir   baky  Berkarar  döwletimizde  däl,  eýsem,  halkara  derejesinde  geçirilen  birnäçe  çäreler   muňa  mysal  bolup  biler.  Nusgawy  şahyrymyzyň   golýazmalar  toplumynyň   ÝUNESKO – nyň  “Dünýäniň  hakydasy”  Maksatnamasynyň  halkara  sanawyna  girizilmegi,  şeýle  hem   şahyryň  doglan  gününiň   300  ýylygyna  bagyşlanan  çäreleriň   2024 – 2025 – nji ýyllarda   ÝUNESKO  bilen  bilelikde  bellenilip  geçiriljek    çäreleriň  sanawyna  girizilmegi,  TÜRKSOÝ   guramasy  tarapyndan   2024 – nji  ýylyň  “Gündogaryň   beýik  akyldary  we  şahyry  Magtymguly  Pyragy  ýyly”  diýlip  yglan  edilmegi  nusgawy  şahyrymyza,  Berkarar  döwletimize,  ýurdumyzyň  içeri  we  daşary  syýasatyna  dünýä  möçberinde  goýulýan  belent  sarpanyň  aýdyň  ýüze  çykmasydyr.

Akyldar  şahyrymyz  Magtymguly  Pyragynyň   watansöýüjilige,  merdi – merdanalyga, ynsanperwerlige,  beýik  adamkärçilige , öwüt – ündewe,  ýokary  ahlaklylyga,  päk  söýgä  bagyşlanan  goşgulary  ähli  halklar  we  halkyýetler,  ähli  döwürler  we  göwünler  üçin  bahasyna  ýetip  bolmajak  gymmatlykdyr.

Gündogaryň  beýik  danasynyň   goşgularynyň  bagşylaryň  dillerinde  aýdym  bolup,  dilden – dile  geçip  gelmegi,  biziň  bagtyýar  zamanamyzda  bolsa  estrada  aýdymlardyr – romanslara,  odadyr – kantatalara  öwrülip,  kalplara  barmagy,  bu  şygyrlaryň  ähli  döwrüň  goşgularydygyny  subut  edýär.  Kompozitorlar   hem   dana    şahyrymyzyň  goşgularyna   ençeme  eserler  döredip,  halk  köpçüligine  ýetirmegi  özlerine  maksat  edinýärler. “Pähim – paýhas  ummany  Magtymguly  Pyragy”   ýylynyň  bütin  dowamynda  akyldar  şahyryň  döredijiligi  has – da  çuňňur  öwrenilýär,  dürli  dillere   terjime  edilýär,  beýik  şahyra  bagyşlanan  çäreler  bolsa,  halkymyzyň   ruhy  dünýäsiniň  çyragyna  öwrülýär.

Lebap  welaýat  çagalar sungat  mekdebiniň “Sazyň  taryhy  we  nazaryýeti”  bölüminiň  müdiri,

kompozitor  Jemal  Reýimowa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: