Magtymguly — söz mülküniň bagbany
Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda dünýä medeniýetine medeni-ruhy ösüş bilen saldamly goşant goşan halkdyr. Şygryýet äleminiň ägirdi ölmez-ýitmez paýhasy we danalygy bilen diňe bir türkmen nusgawy edebiýatynda däl, eýsem, tutuş adamzadyň taryhynda müdimilik at-abraýa gaplanan dürler hazynasynyň eýesi akyldar şahyr Magtymguly Pyragy ynsanlaryň kalbynyň töründe orun alandyr. Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň dili bilen aýdylanda: «Magtymguly bütindünýä şygryýetiniň genji-hazynasyna giren şahsyýet, goşgy bilen gürlän akyldar». Magtymguly Pyragy XVIII asyr türkmen nusgawy edebiýatynyň özboluşly nyşanyna öwrüldi. Akyldar şahyryň döredijiligi edebiýat äleminde täze ýol açdy.
Nusgawy edebiýatymyzyň meşhur wekilleriniň içinde XVIII asyrda ýaşap geçen türkmen pelsepeçisi, akyldary Magtymguly Pyragy özüniň şygyrlary bilen halkyň arasynda uly şöhrat we meşhurlyk gazanan şahyrlaryň biridir. Şu jähetden seredenimizde, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda amal edilen netijeli işleriň biri-de Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasynyň üstüniň ýetirilmegi, onuň edebi dünýäsiniň dürli taraplarynyň ylmy taýdan içgin öwrenilmegi, goşgularynyň dürli dillere terjime edilmegi bellärliklidir.
Ady äleme dolan beýik söz ussady, nusgawy şahyrymyz Magtymguly atamyzyň döredijiliginde, onuň gyzyldan gymmatly baý edebi mirasynda terbiýeçilik meselesi, ýagny, öwüt-ündewleriň şöhlelendiriliş ýagdaýyny öwrenmek, olary ylmy taýdan seljermek, jemgyýetçilige ýetirmek meselesi uly ähmiýete eýedir. Mälim bolşy ýaly, dana şahyryň döredijilik örüsi örän giňdir. Onuň umman ýaly giň paýhasynyň, baý edebi mirasynyň agramly bölegini ynsanperwerlik, durmuşy meseleler, ahlaky we terbiýeçilik öwüt-ündewler tutýar. Beýik akyldar halka öwüt-nesihat bermegi özüniň mukaddes borjy hasaplapdyr. Şahyryň parasatly hem dana sözleri nakyllara, atalar sözüne öwrülip, il arasynda biziň günlerimize çenli dilden düşmän gelýär. Akyldaryň: «Bir ajy doýurmak haçdyr, ýaranlar», «Ýagşy gylyk duşmanyňy dost eýlär», «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr», «Ömür saly artar alkyş alanyň», «Ok urar bolsaň, ok ur nebsiň gözüne», «Kemlik eýle, kemal bar // Menlik etme, zowal bar» ýaly pähimleri bu günki gün hem halkyň kalbynda ýaşaýar.
Şahyryň şygyrlarynyň çeper we täsirli bolmagy onuň türkmen diliniň içki baýlyklaryny, onuň sözlük goruny ussatlyk bilen ýerlikli ulanmagyndadyr.
Il-günüme bagş etdim,
Zyban içre asalym.
(Magtymguly, «Hindistanda hyýalym»).
Beýik şahyr bozuk, ýaramaz, tertipsiz ýaly manylary aňladyp gelýän «pisat» sözüni erbet, ýaman sözlerine manydaş ullanýan bolsa, «hebes» sözüni biderek, peýdasyz ýaly manylarda ullanýar. Mysal üçin:
Zamana işleri ýaman bolupdyr,
Jahan içre pisat işler dolupdyr.
(Magtymguly, “Ahyrzamana”).
Ýa-da:
Ýamana öwüt hebesdir,
Ýagşy äre bir söz besdir.
(Magtymguly, «Köýmän ýigide»).
Dana şahyrymyz Magtymguly Pyragy öz eserleriniň üsti bilen sahawatlylyk, halallyk, päklik, il-güne wepalylyk, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgeleri öňe sürýär. Şol bir wagtda onuň şygyrlary mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, rehimdarlyk, hoşniýetlilik, pähim-parasatlylyk, salyhatlylyk ýaly häsiýetleri terbiýelemeklige gönükdirilendir. Munuň özi ýaş nesillerimizde edep-terbiýäniň ýokarlanmagyna ýardam edýär.
Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri häzirki bagtyýarlyk döwrümizde ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Ol adamlaryň hemişe ýagşylyk etmeklerini, ejizlere hossar çykmaklaryny, il-günüň alkyşyny almaklaryny isläpdir. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýemekde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň edebi döredijiligi biziň üçin edep-terbiýe mekdebidir. Dana şahyryň egsilmez döredijilik dünýäsine diňe bir watandaşlarymyz däl, eýsem dünýä halklary hem uly sarpa, hormat goýýar. Munuň şeýledigine akyldar şahyryň goşgularynyň dürli dillere ençeme gezek terjime edilmegi hem şaýatlyk edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir sözi dürden gymmatly şahyryň edebi mirasyny halka ýetirmekde hormatly Prezidentimiziň tagallasy uludyr. Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündew, edep-terbiýe bilen bagly garaýyşlaryny, pikirlerini, öwütlerini öwrenmek, ony amal etmek halkymyzyň bagtyýarlyk döwrüniň nesilleriniň mukaddes borjy bolup durýar.
Saýýara RÖWŞENOWA,
Çärjew etrabynyň Farap şäher kitaphanasynyň kitaphanaçysy.