YKDYSADYÝET

Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda 125 göterim ösüş depgini gazanyldy

Balkan welaýatynyň Magtymguly şäherindäki Tikin we aýakgap fabrikler toplumynda geçen ýyl tikin we örme önümleriniň jemi 378 müň 197-si, aýakgap jübütleriniň 42 müň 103-si taýýarlanyldy we ulanyjylara ugradyldy. Netijede 24,5 million manat özleşdirildi. Tutuş toplum boýunça ýyl önüm öndürmek baradaky meýilnama iki esseden hem köp berjaý edildi. Önümçiligiň ösüş depgini 125 göterim ýokarlandy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: