• Thu. Sep 24th, 2020

Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýuldy

Jun 27, 2020

Türkmenabat şäherinde klassyk şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.

Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününiň bellenilýän güni Türkmenabat şäheriniň ýaşaýjylary — kärhanalaryň, edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly nesliň wekilleri ir bilen Magtymguly seýilgähinde ýygnandylar. Ýadygärligiň öňünde ter gülli sebetleri, desselerini goýmak bilen, olar şahyryň döredijiligine bolan hormaty beýan etdiler.

Bu ýerde türkmen klassyk şahyrlarynyň ýedisiniň ýadygärligi oturdylan we çeper döredijilik bilen meşgullanýan adamlaryň ýygnanýan ýerine öwrüldi. Medeniýet hepdeliginiň dowamynda hem seýilgähde, kärhanalarda we edaralarda şahyryň döredijiligine bagyşlanan medeni çäreler geçirildi we şahyryň sözlerine döredilen aýdymlar ýaňlandy, onuň goşgulary okaldy, welaýatyň şahyrlary bilen duşuşyklar geçirildi.

01
04
03
02

Previous
Next

Поделиться ссылкой: