BIZE YAZYARLAR

Magtymguly Pyragynyň şanyna dabaralar geçirilýär

Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde bolşy ýaly, Lebap welaýatynda hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan dabaralara giň gerim berildi. Esasy dabaralary indiki ýylda geçiriljek bu şanly sene şahyryň edil öz döredijiligi, abraý-mertebesi ýaly, bir ýylyň çygryna sygmaýar.

Beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralara Köýtendag etrabynda hem badalga berildi. Eýýäm etrapda şahyryň ýubileýi bilen bagly duşuşyklaryň, döredijilik agşamlarynyň, maslahatlaryň we aýdym-sazly çykyşlaryň birnäçesi geçirildi. Şol sanda döredijilik bäsleşikleriniň birnäçesi yglan edildi.

Bu çärelere etrap çagalar sungat mekdebiniň mugallymlarydyr okuwçylary hem uly höwes bilen gatnaşýarlar. Olar dabaralara akyldar şahyryň eserlerine döredilen we onuň özne bagyşlanan aýdymlar, sungatyň beýleki görnüşi boýunça çykyşlar bilen bezeg berýärler.

Ýeri gelende aýtsak, şu günler mekdebimizde bilim berilýän ähli hünärler boýunça Magtymguly Pyragynyň döredijiligine, ömrüne, galdyran beýik mirasyna ýüzlenmek ýörelge boldy. Nesip bolsa, mugallymlarymyz zehinli okuwçylary bilen bilelikde, şahyryň şanly toýuna sowgatlar bilen bararlar.

Dinara DILAKOWA,

Köýtendag etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň mugallymy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: