Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň gruzin dilindäki ýygyndysy çapdan çykdy
12-nji oktýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň ermeni diline terjime edilen neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Oňa Türkmenistana iş sapary bilen gelen Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Waagn Haçaturýan we onuň ýanyndaky wekiliýetiň agzalary, ýurdumyzyň bilim ulgamynyň käbir ýolbaşçylary, institutyň professor-mugallymlary, talyplar gatnaşdylar.
Beýik söz ussadynyň goşgular ýygyndysynyň ermeni diline terjime edilmegi iki ýurduň halklarynyň arasyndaky medeni gatnaşyklary hem-de dostlugy pugtalandyrmakda nobatdaky ädim boldy.