BIZE YAZYARLAR

Magtymguly Pyragynyň eserleri bagşyçylyk sungatynda

     Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň türkmen jemgyýetiniň edebi – ruhy durmuşynda eden düýpli öwrülişigi bagşyçylyk sungatynda hem ýüze çykypdyr. Magtymguly Pyragynyň we onuň yzyny eýerijileriň goşgulary bagşyçylyk sungatynyň ösmegine uly kömek beripdir. Türkmen ili dürli manyly aýdymlara, şirinden – şirin owazly mukamlara dolupdyr.

     Bagşyçylyk sungatynyň has gadymylygyny meşhur sazşynaslar W.A.Uspenskiý we W.M.Belýaýewiň “Türkmen sazy” atly kitabynda subut edilipdir.

     Sada, saza gelşip duran, akyl – paýhasa ýugrulan, öwüt – ündew häsiýetli, teşne kalplara tenekar ýaly siňip barýan goşgularyny bagşylar saza goşup ýerine ýetiripdirler.

     Türkmen poeziýasynyň hamyrmaýasy Magtymguly Pyragynyň eserleriniň bagşylaryň repertuarynda düýpli orun almagynyň ilkinji sebäbi, eserleriniň tematikasynyň öz döwri üçin aktuallygyndan, halkyň durmuşyna ýakynlygyndan, halkyň oý – pikirlerini, arzuw – hyýallaryny ynandyryjylyk bilen beýan edenligidir. Galyberse – de, ol eserler klassiki stili, çeperçilik hili boýunça belent derejede bolmak bilen barabar, sada halk dilinde ýazylanlygy, formasynyň çeperligi, mazmunynyň baýlygy, çuňňurlygy jähtden tapawutlanýar. Şonuň üçin hem ol eserler türkmen halkynyň meşhur bagşy – sazandalary bolan Garadäli Gökleňiň, Kör Gojalynyň, Kepeläniň Körüniň, Gambar bagşynyň, Döwletdurdy bagşynyň, Sary bagşynyň, Hally bagşynyň we beýleki bagşylaryň repertuarlarynda çuň ornaşypdyr we indi bolsa häzirki zaman döwürdeş bagşylarymyzyň hem uly höwes bilen, uly joşgun bilen ýerine ýetirýän aýdymlaryna öwrülipdir.

     Görnükli şahyr Magtymguly Pyragynyň örän ýokary çeperçilik ussatlygy bilen ýazylan “Gözel sen” atly eseri halk bagşylarynyň repertuarynda düýpli orun alan aýdymlaryň biridir. Şonuň üçin hem käbir halypa bagşylar (meselem köşüli Hally bagşy) öz şägirtleriniň kämillik derejesini synamakdan öňürti bu aýdymy aýtdyrar ekeni. Eger – de şägirt şol aýdymy belent heňde (bu aýdymyň aýdylyşynyň ähli kada – kanunlaryny saklap), göwnejaý ýerine ýetirmegi başarsa, halypanyň ak patasyna mynasyp bolar ekeni. Türkmenistanyň halk bagşysy Sahy Jepbarow halypasy Hally bagşynyň öňünde kämillik egzameni (synagy) hökmünde şol aýdymy aýdanlygyny ýatlaýar.

     Magtymguly Pyragynyň sözlerine aýdylýan tirme aýdymlary dessançy bagşylaryň repertuarynda ymykly ornaşypdyr.  Şahyryň şygyrlaryny dessan kysmynda aýtmak bagşyçylyk ýollarynyň ählisine mahsus bolupdyr. Esasan hem teke, salyr – saryk, ärsary ýollary üçin has hem ýörgünli bolupdyr. Şahyryň şygyrlaryny ýerine ýetiren bagşylara Hoja bagşy, Weýran bagşy, Al bagşy, Kör Gojaly, Garadäli Gökleň, Durdy bagşy, Öwlýaguly bagşy, Ärdäne bagşy, Kyrkar bagşy, Musdak Aýmedow, Juma Wellekow, Wellek Gubalyýew, Agajan bagşy, Oglan bagşy, Girman bagşy, Annaesen bagşy, Ýegenoraz bagşy, Hydyr bagşy, Nobatnyýaz bagşy, Muhy bagşy, Golak bagşy, Çolak bagşy, Jepbar bagşy, Gurban bagşy, Garly bagşy, Nobat bagşy, Ödeniýaz Nobatow ýaly bagşylary agzasak bolar.

     Salyr – saryk ýolunyň belli wekilleriniň biri Türkmenistanyň halk bagşysy Gurt Ýakubow tirme aýdymlarynyň hem ussady bolan bagşydyr. Ol ilki bilen beýik Magtymguly Pyraga ýüzlendi. Özem şahyryň arap elipbiýinde ýazylan kitaplaryny okady. Magtymgulynyň goşgularynyň aňyrsynda ýaňlanýan owazy sogrup almaklyk Gurt Ýakubowa başartdy. Şoňa görä bu dünýäde aýdym aýdyp geçen bagşylaryň arasynda Magtymguly Pyragynyň sözlerine iň köp aýdym aýdan Gurt Ýakupdyr. Döwürdeşleriniň ýatlamalaryna görä, Gurt bagşy Magtymgulynyň 1983 – nji ýylda çykan iki tomly kitapdaky hemme goşgularyny aýdym edip aýdypdyr.

     Halk bagşylarynyň arasynda ýörite magtymguluçy bagşylar hem bolupdyr. Ýagny olar diňe Magtymgulynyň sözlerini halk sazlaryna goşup, aýdym hökmünde ýerine ýetiripdirler. Zehinli gyjakçy Sapar Bekiýew şeýle bagşylaryň hatarynda Garadäli Gökleňiň we onuň şägirdi Sapar Süýrentginiň atlaryny tutupdyr. Beýleki bir magtymguluçy bagşy hökmünde çowdur tiresinden bolan Gambar Ilmät oglunyň ady agzalýar. Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Palta Garaýewiň berýän maglumatlaryna görä, Gambar bagşy şahyryň sözlerine iki gije – gündizläp aýdym aýtsa – da, bir aýdanyny ikinji gezek gaýtalamaz eken. Şu delilleriň özi hem Magtymgulynyň eserleriniň folklýorlaşyş derejesiniň nähilidigini göz öňüne getirmekden ötri, belli möçberde maglumat berýär.

Lebap welaýat ýörite sungat mekdebiniň

“Sazyň taryhy we nazaryýeti” bölüminiň  mugallymy Şükürbaý Jorakulyýew

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: