MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBI MIRASY – GÖRELDE MEKDEBIDIR.
Bu günki günde hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkynyň baý hem–de şöhratly taryhy we medeni mirasy ylmy esasda öwrenilip, ony nesillerimize ýetirmek, gorap saklamak boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerimizi watansöýüjilik, ynsanperwerlik, ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde ylym bilimiň ähmiýetini düşündirmekde olaryň orny örän uludyr. Şoňa görä-de, ýurdumyzda taryhy we medeni mirasy goramak, öwrenmek we ýaş nesillere ýetirmek, şeýle hem giňden wagyz etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar.
Alym Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, ady äleme dolan ussadyň sözleri we pelsepewi pikirleri türkmen edebiýatynyň şöhratyny hem-de watançylyk ruhuny belende galdyryp, diňe milli däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň, dünýä halklarynyň genji-hazynasyna öwrüldi. Häzirki döwürde Magtymgulynyň goşgulary Garaşsyzlygyň, hemişelik Bitaraplygyň halk bitewüliginiň, parahatçylygyň, agzybirligiň joşgunly senasy bolup ýaňlanýar. Şahyryň ynsanperwer pikir-garaýyşlary asyrlar geçse-de, gymmatyny ýitirmeýär.
Türkmen halkynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň il-günümize galdyryp giden şahyrana hazynasyny ylmy esasda seljermek, onuň pelsepewi esaslaryny açyp görkezmek üçin türkmen alymlary tarapyndan uly işler alnyp barylýar.
Magtymguly Pyragy özüniň ajaýyp şygyrlarynda türkmen halkyny birleşdirmek, halkyň agzybirligini gazanmak, Watany goramak hem söýmek, adamlaryň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek, adalatlylyk üçin göreşmek, ynsany bezeýän ahlaklylyk, ynsanperwerlik, kanagatlylyk, gara nebse çapmazlyk, kişini ynjytmazlyk, edeplilik, sahylyk, mertlik, namartlyk, galplygy, ikiýüzlüligi ýigrenmek, husytlyk, zalymlyk, baýlyk, garyplyk, söýgi, maşgala wepalylyk, dünýäniň gurluşyna akyl ýetirmek, iman baýlygyny gazanmak, ykbal, takdyr ylym bilime sarpa ylmy täzelikler ýaly juda köp meseleleri özüniň liriki gahrymanynyň keşbine örän uly ussatlyk bilen siňdirip, çeperçiligiň şirin-şerbetine ýugrup suratlandyrýar. Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir. Magtymguly oglan okatmakdan başga tanymal zergär bolupdyr we kümüşden, altyndan dürli bezeg şaýlaryny ýasapdyr. Emma henize çenli Magtymgulynyň maşgala ýagdaýy jedelli meseleleriň biri bolup durýar. Goşgularyna esaslanyp, onuň Meňli diýen gyzy söýendigini, ýöne käbir sebäplere görä alyp bilmändigi hakda alymlar netijä gelýärler. Magtymgula Akgyz diýen ýeňňesi dakylýar.
Ondan iki ogul bolup, olar hem ýaşlykda ýogalýarlar. Şahyr ogullarynyň ölümine gynanyp, “Yzlamaýan bolarmy”, “Mübtela kyldy“ eserleri döredipdir.
Magtymguly örän parasatly, gepe çeper, märekesöýen adamdy. Ol özüniň gowy häsiýetleri bilen halka görelde görkezipdyr, akyl-paýhasy bilen köp adamlary terbiýeläpdir we terbiýä çagyrypdyr.
Şahyryň döredijiliginde adamlarda oňat häsiýetleri terbiýelemekde uly orny owüt-nesihat häsiýetli şygyrlar tutýar. Bu temadan Magtymguly “Janyna degmez”, “Durasyň geler”, “Ýör biläni”, “Il ýagşy”, “Zor bolar”, “Bolar seolkkyftkitkmj,””, “Aýrylma” ýaly onlarça şygyr ýazypdyr. Şahyr bu goşgularynda döwürdeşlerine asylly terbiýe bermek, olaryň mert, ar-namysly bolmaklaryny nesihat edip, binamys, namartlary ýaňsa alypdyr. Şahyr “Gerekdir” diýen şygrynda:
Giň ýerde garga deý bolsun wehimli,
Ýerinde hünäri işi gerekdir
diýip, ýigidiň göwrüminiň giň, gerekli ýerinde hünäriniň bolmalydygyny, hüşgärligini beýan edipdir. Hünärli bolmagy ylym-bilim öwrenmek bilen baglydygyny beýleki goşgularynda hem belläp geçipdir.
Magtymgulynyň “Il biläni” şygrynyň:
Goç ýigide toýdur-baýram,
Her iş gelse, il biläni
setirleri agzybirligi ündäpdir, Şahyr “Janyna degmez” goşgusynda hesiýeti boýunça gapma-garşy adamy suratlandyrýar. Ylymly düşünjeli adamlaryň agzybirlige ýykgyn edýändigni meseleleri dawasyz jedellsiz çözmek gerekdigini düşündirmek üçin Magtumgylynyň goşgulary ajaýyp görelde mekdebidir.
Adam bar müň tümen iýdirseň azdyr,
Bardyr adam – iýen nanyna degmez.
Şahyr oňat häsiýetleri ündände, ýaramaz häsiýetleri ýazgaranda, wagyz-nesihat etmek tärinden peýdalanýar. Ol ähli türkmen ýigitlerini jeň meýdanynda şu sypatda görmek isleýär:
At salanda doňuz kimin topulyp,
Aýy kimin asylyşy gerekdir.
Magtymguly oňat-gylyk häsiýetler adamyň bezegi diýip düşünipdir.Şol sebäpli hem Magtymgulynyň her bir şygyry ýaşlarymyz üçin görelde mekdebidir.
Akyldar şahyryň XVIII asyrdaky oý-pikirleri, pähim-paýhasy biziň şu günki Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmuna eýe bolýar.
Häzirki döwrüň baş maksatnamalarynyň biri-de, hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, döwletiň, jemgyýetiň we şahsyýetiň özara sazlaşykly ösüşini hukuk taýdan kepillendirmegi, raýat jemgyýetini gurmagy we ruhy-ahlak taýdan kämil, ýokary aň-düşünjeli we beden taýdan sagdyn, ylyma bilime çuňňur söýgi besleýän şahsyýeti kemala getirmegiň üpjün edilmeginden ybaratdyr. Bu bolsa XVIII asyrda ýaşan beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlarynyň, öwüt-ündewleriniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Ynsanperpwer we durmuş bilimleri fakultetiniň
talyby Hudaýberdiýew Serdar