Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna
Tälim alyp ussatdan…
Halypa äpet bir daragta, şägirt onuň miwesine meňzedilýär. Halkymyzda “miweli daragt” düşünjesi, ilkinji nobatda, şägirt ýetişdirip bilýän halypalar hakynda söz açylanda has köp ýatlanylýar. Sebäbi, halypa-şägirtlik ýoly müňýyllyklardan gözbaş alyp gaýdýan milli ýörelgämizdir. Her bir ynsan halypa görmezdenem, belli bir ýoly külterläp biler, emma halypalar has uzak menzillere ýetmäge güýç-gaýrat, ynam berip bilýän ynsanlardyr. Özbaşyna alty aýda geçjek ýoluny halypaly adam bir aýda geçip bilýär. Uzak ýyllaryň dowamynda munuň netijeli ugurdygyna göz ýetiren pederlerimiz halypa-şägirtlik ýoluny ýörelge derejesine çykarypdyrlar. Haýsy ugurda zähmet çekýändigine garamazdan, halypa öz ugrunyň alymy hasaplanýar. Taryhdaky alym-akyldarlarymyz hem şeýle menzili, halypa-şägirtlik ýoluny geçen beýik ynsanlardyr.
Magtymguly atamyz ilkinji bilimini kakasy Döwletmämmet Azadydan alypdyr zehini bilen köp pikirleri ösdüripdir. Şeýlelikde, şahyrana zehin türkmen dilini edebiýat derejesine çykardy we şygyrlaryny esasan türkmen sözlerinden emele getirdi. Döwletmämmet Azady ahlak we syýasat meselelerinde öz ogly Magtymguly Pyragynyň hem-de halkyň halypasy hökmünde tanalýar. Döwletmämmet Azady şahsyýetiniň kemala gelmeginde täsir eden ogly üçin ilkinji mugallym boldy. Döwletmämmet Azadynyň baý kitaphanasynyň bardygy, Magtymguly üçin ylhamyň çeşmesidi. Magtymguly atamyz kakasy arkaly çagalygyndan şahyranalyga düşündi.
Gündogaryň beýik söz ussady Magtymgulynyň döredijiliginde atasy Azada bagyşlanan birnäçe şygyr bar. Magtymguly pederi, kyblasy Döwletmämmet Azadynyň şahyrana keşbini şygra salmak bilen oňa baky ýadygärlik dikdi. Şahyr atasynyň hormatyny örän belentde tutýar. Sebäbi ol kämilligiň çuňluklaryna atasy Azadynyň ýörän ýodasyny yzarlamak bilen aralaşýar. Watan il-gün hakda söýgi bilen söz açmagy-da il derdini öz derdi edinen gerçekleri wasp etmegiň zerurlygyna-da, atasynyň döredijilik, ylym, durmuş göreldesine eýermek bilen göz ýetirýär. Şahyryň “Molla Azadym“ , “Azadym kany?“, “Atamyň“ ýaly şygyrlarynda Döwletmämmet Azadyny özüne diňe ata däl-de, her bir işde ussady, halypasy hökmünde öňe çykarýar. Şahyr oňa kämil ynsan hökmünde hormat goýýandygyny buýsanç bilen nygtaýar.
Magtymguly, gizlin syryň bar içde,
Kämil tapsaň kyl gullugyn serişde
Magşar gün gaýgysyz girer behişde,
Her kim çyndan bolsa dosty atamyň.
Döwletmämmet Azady Hakyň ýoluny berk tutýan, halkyň bähbini araýan, ýagşy işleri, nesihatlary bilen ile özüni aldyran, köpe görelde bolan ynsan. Şonuň üçin onuň pende-nesihatlaryna dogry düşünip, ony ýerine ýetiren adamlaryň durmuşda ýalňyşmajakdygyny, günä işlerden daşda durjakdygyny Magtymguly atamyz “gaýgysyz behişde girmek“ jümlesi bilen aňladýar. Magtymgulynyň goşgularynda atasynyň we beýleki ady agzalýan gahrymanlaryň häsiýetinde türkmeniň mert, batyr, arassa ahlakly, watansöýüji gerçekleriň keşpleri aýdyň görünýär. Pyragynyň ýokardaky agzalan goşgularyndaky Azadynyň çeper keşbi türkmen halkynyň geçmiş taryhyna, beýik şahsyýetlerimiziň öňde goýan maksatlaryna göz ýetirmäge uly mümkinçilik berýär.
Magtymguly atamyzyň “Ylym öwreden ussat, kyblam – pederdir” diýip belleýşi ýaly, öz döwrüniň ylym ussady Döwletmämmet Azady akyl-paýhasly dana, beýik alym we zehinli şahyrdyr. Bar bolan maglumatlar Azadynyň öz döwrüniň hormatlanýan adamy, şeýle-de köp ugurlardan baş çykarýan uly alym bolandygyny tassyklaýar. Şonuň üçin hem şahyryň edebi eserleri tutuş durky bilen öwüt-nesihata, akyl-paýhasa ýugrulan gymmatly hazynadyr, edep-terbiýäniň mekdebidir. Magtymguly atamyz şol mekdebi geçip, döredijiligini ösdüripdir, gözýetimini giňeldip, akyl-paýhasyny kämilleşdiripdir. Sebäbi Döwletmämmet Azady dünýewi hem dini ylymlardan oňat baş çylarýan alymdyr. Gündogaryň beýik söz ussady Magtymguly atamyz “Aýrylma“ atly şygrynda şeýle altyn setirleri döredipdir:
Namartlar hem muhannesler – naçarlar,
Tagamyň iýr, işiň bolsa gaçarlar.
Dogry ýoldan egri ýola geçerler,
Tälim beren ussadyňdan aýrylma.
Ýa-da:
Kimse namart bolsa, kimler mert bolar,
Ýagşy iş et, senden ýagşy at galar.
Herne gelse başa, tiliňden geler,
Magtymguly halk çagyndan aýrylma.
Magtymguly atamyz pespäl, kiçigöwünli şahyr, ol atasynyň ylym dünýäsini şygra salan şahyr bolsa-da, tälim alan ussadyny hatyralap, ondan aýry bolmaly däldigini: “Ýagşylara eriş, keýinden galma “, “Hyrka geýip, il içinde san bolsam”, “Olaryň jaýynda menem kän bolsam“ diýip, dana-alymlaryň hatarynda san bolmagy arzuw eden Magtymguly Pyragynyň şahsyýet bolup ýetişmeginde beýleki halypalar bilen birlikde atasy Döwletmämmet Azadynyň täsiri has-da uludyr. Peder pendine uýan akyldar şahyrymyzyň şygyrlary şonuň üçinem kämilligi bilen okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolup gelýär.
Baratowa Zyýada Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.