BIZE YAZYARLAR

Magtymguly Pyragy – geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyrydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  ýurdumyzyň baý medeniýetini, Magtymguly Pyragynyň döredijiligini öwrenmäge hem-de onuň belent adamkärçilik sypatlaryny özünde jemleýän çuň manyly şygyrlaryny halkara jemgyýetçiligine ýaýmaga giň ýol açdy. Şahyryň belent joşguna, çuň ylhama ýugrulan şygyrlarynyň agramly bölegi ynsanlaryň ahlak terbiýesine, ylymly bilimli bolmagyna bagyşlanýar. Şoňa görä-de akyldar şahyrymyzyň döredijiligini her bir ata-ene, biz mugallymlar üçin gymmatly edep hazynasy bolup durýar.

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen 2024-nji ýylda  Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly bellemek  bellenildi. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň goşgulary özüniň çeperçilik derejesi, çuň manylylygy, pikir goýazlygy, milli mazmuny, umumyadamzat meselesine dahylly ynsanperwer pikirleri bilen dünýä edebiýatynda mynasyp orny eýeleýär. Şahyr şygyrlarynda gadymy we orta asyrlar edebiýatynyň däplerini dowam etdirmek bilen, nusgawy derejä ýeten pikirleri arkaly türkmen edebiýatynda ajaýyp şahyrana mekdep döretdi.

Türkmeniň taryhynda öçmejek yz galdyran beýik akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň  300 ýyllygy ýyllygyny dabaraly bellemek maksady bilen  2024-nji ýyly ýurdumyzda  “Pähim – paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýyly diýlip yglan edildi.

2023-nji ýylyň 21-nji noýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň ( ÝUNESKO ) Parižde ýerleşen ştab-kwartirasyndan hoş habaryň gelip gowuşmagy halkara derejesinde beýik şahsyýete goýulýan sarpanyň, hormatyň çäksizdigini görkezýär.

ÝUNESKO-nyň Baş maslahatynyň 42-nji mejlisiniň dowamynda  2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO  bilen bilelikde bellenilip geçiljek şanly seneleri tassyklamak boýunça Kararnama kabul edildi.

Hormatly Prezidentimiziň  goldawy bilen Türkmenistan tarapyndan teklip edilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNEKO bilen bilelikde bellenilip geçiriljek şanly seneleriň sanawyna goşuldy.

Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren gymmatly edebi mirasy  Türkmenistanyň baýlygydyr. Halkara derejede şeýle Kararnamanyň kabul edilmegi bolsa beýik söz ussadynyň umumadamzat medeni  gymmatlyklaryna goşan goşandynyň nobatdaky gezek ykrar edilmesidir.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimizde 2024-nji ýylda türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy  mynasybetli halkara derejede birnäçe çäreleriň  geçirilmegi meýilleşdirilýär.

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen dost-doganlyk döwleti bolan Özbegistan Pespublikasynyň Prezidenti tarapyndan ýörite Karar kabul edildi.

“Özbegistanyň dünýäde Magtymgulynyň eserleriniň köp  çap edilýän we okalýan ýurtlaryň biri hökmünde ykrar edilýändigi, elbetde, ýönelige däl. Ýurdumyzda nusgawy şahyryň şygyrlary we olar esasynda döredilen aýdymlar ýaňlanmadyk ýekeje öý, onuň adyny  bilmeýän ýekeje özbek hem ýok. Magtymguly asyrlaryň dowamynda halkymyzyň  öz şahyryna öwrüldi. Onuň goşgulary çuň pelsepewi manysy, halka ýakyn ruhy, ýokary çeperçiligi bilen bagşydyr aýdymçylarymyza, şahyrlarymyza ylham bagyşlap, mydama dürli döwrelerde ýaňlanyp,  halkymyzyň kalbynda ýaşap gelýär”-  diýip Alyşir Nowaýy  adyndaky Daşkent döwlet özbek dili we edebiýaty uniwersitetiniň professory, filologiýa ylymlarynyň doktory Bahodir Karimow  özüniň “Adamzat kalbynda orun alan ussat” atly Türkmenistan gazetininiň 2024-nji ýylyň 27-nji fewralynda çap edilen giň göwrümli makalasynda beýan edýär.

2018-nji ýylyň 23-24-nji aprelinde Gahryman Arkadagymyzyň Özbegistan döwletine bolan iş saparynyň çäklerinde Özbegistan döwletiniň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen bilelikde “Türkmen-özbek dostluk öýüniň” açylyş dabarasyna  gatnaşmagy hem-de Gündogaryň beýik akyldary  Magtymguly Pyragynyň ýadygärligine ter gül desselerini goýmagy dostlukly halklaryň beýik ynsana goýýan sarpasynyň  bimöçberdigini alamatlandyrýar. 

Özbegistan döwletiniň Hywa şäherinde 1718-nji ýylda Şirgazy han tarapyndan gurlan medrese gadymy we uly binalaryň biridir. Beýik akyldaryň bilim alan Şirgazy han medresesinde üç ýyl ýaşan otagy, golýazmalary, durmuşda ulanan zatlary şu günki güne çenli aýawly saklanypdyr. Bu ýerde uly meşhurlyga eýe bolan alymlar we şahyrlar bilim alypdyr.

Şirgazy han medresesiniň howlusynda  türkmen halkynyň Milli Lideri we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilelikde Magtymguly Pyragynyň döredijilik ýolunyň bir sahypasyna bagyşlanan sahna tomaşa etdiler, bu bolsa beýik şahsyýetiň edebi mirasynyň dünýä döwletleri tarapyndan uly gyzyklanma bilen öwrenilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

2018-nji ýylyň ýylyň 18-nji maýynda  Astrahan oblastynyň Priwolžsk raýonynyň Funtowo obasynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan “Myradym”hususy kärhanasy tarapyndan bina edilen 190 orunlyk orta mekdebiň dabaraly ýagdaýda açylyp ulanmaga berilmeginiň uly ähmiýete eýedigini nygtamak zerurdyr. Bu binanyň gurlup ulanmaga berilmegi iki dostlukly halkyň arasyndaky dost-doganlyk köprüsini berkitmäge uly itergi berýär.

Hormatly Prezidentimiz halklaryň dostlugyny öz eserlerinde giňden beýan edýän Magtymguly Pyragynyň pähimlerinden ugur alýan  ynsanperwer syýasaty ýöredýär. Hut şonuň üçinem 2009-njy ýylyň maý aýynda Astrahan şäheriniň merkezinde  Magtymguly Pyragynyň heýkeliniň oturdylmagy hem-de täze açylan mekdebe  bu beýik şahsyýetiň adynyň dakylmagy, mekdebiň bosagasynda ätlän ýeriňde beýik akyldarymyzyň heýkeliniň oturdylandygy, onuň gapdalynda bolsa türkmen hem-de rus dillerinde onuň “Bir suprada taýýar kylynsa aşlar, Göteriler ol ykbaly türkmeniň”diýen setirleriň ýazylandygy has hem buýsandyryjydyr.

Inçe, nepis şygyryýet äleminde bakylyk bilen bäsleşýän Magtymguly Pyragy baky paýhasyň eýesidir. Sebäbi şahyryň edebi mirasy ynsanperwerligi, päkligi, erkinligi, adalatlylygy wagyz edýän pelsepewi garaýyşlary halkymyzyň aňynda we kalbynda müdimilik orun aldy. Magtymguly Pyragynyň döredijiligi türkmen halkymyz üçin ruhy ýörelgedir, mizemez gymmatlykdyr.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Magtymguly Pyragynyň döredijiligini giňden öwrenmek, ylmy tarapdan seljerip, asyl nusgasyny halka ýetirmek üçin giň mümkinçilikler döredildi.

Gahryman Arkadagymyz özüniň many-mazmunly eserleri bilen halkyň ýüreginde orun tutan şahyrlarymyzyň edebi mirasyna ýokary baha bermek bilen şeýle diýýär: “Türkmen edebiýatynda çuňňur halk parasatlylygyny beýan edip, ajaýyp eserleri peşgeş beren ussatlar az däl. Men hem Magtymgulynyň, Andalybyň, Azadynyň, Keminäniň… öňünde baş egýärin”. 

Nusgawy şahyrymyz türkmen halkynyň milli buýsanjyna öwrülen akyldar Magtymguly Pyragynyň şygyryýet älemi özüniň giňligi we temalara baýlygy bilen tapawutlanýar. Onuň ýokary çeperçilik tärleri arkaly döreden goşgularynyň aglabasy watançylyk, agzybirlik, döwletlilik, mertlik, ynsanperwerlik, ahlaklylyk ýaly temalara bagyşlanan şygyrlardan ybaratdyr.

Magtymguly Pyragy öz döredijiliginde esasan hem, öz döwrüniň talap edýän durmuş we ömür hakykatyny açyp görkezmek bilen, öz döwrüniň talap edýän zerurlygy hökmünde berkarar döwleti gurmaga çagyrýar. Şahyr”At islärin” atly goşgusynda:

Pyragy, yşka ugraşdym,

Derýa girdim, möwje düşdüm,

Hor galmasyn puştba-puşdum,

Berkarar döwlet islärin.

-diýip, ýürek arzuwyny beýan etmek bilen berkarar döwlet isleýändigini çeper beýan edýär. Şahyr başlar bir bolsa, onda alynmajak galanyň ýokdugyny teşne ýüreklere çeper sözüň-şygryň üsti bilen jaýdar ornaşdyrýar.

Göwünler, ýürekler bir bolup başlar,

Tartsa ýygyn erär topraklar-daşlar,

Bir suprada taýýar kylynsa aşlar,

Göteriler ol ykbaly türkmeniň.

-diýip, türkmen halkyny bir supranyň başyna çagyrýar.

Magtymguly atamyzyň şygyrlarynda beýan eden arzuw-islegleri berkarar, Bitarap döwletimizde hasyl boldy.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen ýer ýüzüne şugla saçýan parasatly söz ussady Magtymgulynyň ölmez-ýitmez döredijiligi ynsan kalplaryna barha çuň aralaşýar.

Şygyryýet ummanynda erkana ýüzüp, ylham dürlerini ýüregine düzüp, ynsanperwer eserleri ýazyp, kalplarda baky orun alan Magtymguly Pyragy dünýä poeziýasynyň ösmegine uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Allatagalla oňa egsilmez şahyranalyk zehinini, ýiti paýhas-parasatlylygy, jöwher paýhasy, alymlygy we danalygy eçilipdir.

Öz ömrüni halkyna bagyşlan Magtymguly Pyragynyň döredijilik dünýäsi baý mazmunly we köpöwüşgünlidir.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, nusgawy şahyryň goşgularynda dünýä edebiýatynyň nusgawy şahyrlarynyň biri bolan Şekspiriň duýgulary, mähriban halkyna bolan söýgüsi, Puşkiniňki ýaly pelsepewi wesýetleriň şygyryýet çuňlugy, Omar Haýýamda bolşy ýaly, ynsan kalbynda döreýän duýgular öz beýanyny tapdy. Ol diňe türkmeniň däl-de, eýsem, türki dilli edebiýatyň taryhyna uly goşant goşan şahyrdyr. Belli akademik B.B.Bartold, alym-gündogarşynas  Ý.E.Bertels we beýleki alymlar Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berýärler. Beýik şahyryň geljekki nesillere galdyran baý edebi mirasy bu gün umumyadamzat gymmatlygy bolup durýar. 

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlap Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş Saragt Babaýew täze esere – beýik türkmen şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ýadygärligini döretmäge girişdi. Beýikligi 60 metr bolan äpet heýkel paýtagtyň günorta böleginde, Saglyk ýolunyň golaýyndaky tebigy baýyrda oturdyldy.

Türkmenistanyň halk nakgaşy, heýkeltaraş  Saragt Babaýewiň pikirine görä, Magtymgulynyň keşbinde Gündogaryň tanymal edebiýatçylarynyň hatarynda tanalýan, halkyň arzuw-hyýallaryny ýaýan ynsanperwer dana şahyryň beýikligi beýan edilýär. Magtymguly adyndaky Halkara baýragynyň ikisine mynasyp bolan Saragt Babaýewiň döreden türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň heýkelleri Stawropol, Astrahan, Ankara şäherlerinde goýuldy.

Häzirki wagtda Magtymguly Pyragynyň  doglan gününiň 300 ýyllygyna taýýarlyk çäreleriniň çäklerinde Aşgabat şäherinde Magtymguly Pyragynyň heýkeli gurlup degişli işler alnyp barylýar. Ylmy maslahatlar geçirilýär. Beýik şahsyýetiň şygyrlary dünýäniň ençeme dillerinde terjime edilip dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan çuňňur öwrenilýär.

Türkmenistan döwletimiz tarapyndan ýörite wekilçilikli toparyň gatnaşmagynda her ýyl ýurdumyzda Magtymgulynyň Pyragynyň şygyryýet günleriniň çäklerinde Eýran Yslam Respublikasyň Gülüstan welaýatynyň Ak tokaý obasynda ýerleşen aramgähine zyýarat edilýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri akyldar  şahyr Magtymguly  Pyragynyň arzuwlan zamanasydyr. Bu döwür ussat şahyrymyza goýulýan hormat-sarpanyň has ýokary göterilen eýýamydyr. “ Magtymguly diýip adym tutsalar…”diýen şahyryň  dürdäne setirleri bu gün älem-jahana ýaýylýar.

Gahryman  Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen şahyryň  şygyrlary dünýä dillerine terjime edilýär, olary çuňňur öwrenmäge giň mümkinçilikler döredilýär. Şahyryň “Daýym, dessan bolsun älemde adyň” diýip aýdany bu gün hakykat ýüzünde hasyl boldy.

Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň  eserleri durmuşyň dürli-dürli taraplaryny öz içine alýar. Magtymgulynyň döredijiligini örän oňat bilýän, gündogary öwreniji E.E.Bertels ony Jemşidiň jamy bilen deňeşdirýär. Jemşidiň jamy ýaly, Magtymgulynyň döredijiliginden hem islän zadyňy, bilmek isleýän meseläňi tapmak bolýar. Magtymguly türkmen klassyky edebiýatyny dünýä okyjylaryna tanadan genial şahyrdyr. Gündogaryň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň  Jemşidiň jamyna deňelýändigi ýöne ýerden däldir, sebäbi ol özüniň goşgularynda beýan edýän pikirleri muňa şaýatlyk edýär.

    Magtymguly haýran, her ýana bakar,  

Bu ne gudrat işdir, suwdan ot çykar ? !                                     

diýmek bilen häzirki wagtda gurlup ulanmaga berilýän innowasion häsiýetli kuwwatly önümçilik kärhanalarynyň, gaz trubinaly, gün, el, suw, elektrik stansiýalaryň, nebiti we gazy gaýtadan işleýän senagat önümçiliginiň, doly awtomatlaşdyrylan ulgamda işleýän tehnologiýalaryň dörejekdigini belläp geçipdir.

Magtymguly Pyragynyň “ Ýaranlar” goşgusynda :

-Demirler asmanda ganatlap uçar    

  -diýen setirleri bu gün amala aşdy. Sebäbi älem giňişligine uçurylýan Emeli hemralaryň, uçarlaryň öndüriljekdigini mundan näçe ýyl ozal beýan edýär.

Magtymguly Pyragy özünden soňky we tä şu günki günlere çenli ýaşap gelýän şahyrlaryň ählisiniň hakyky halypasydyr. Mysal üçin, ХIХ asyrda ýaşap geçen satiraçy şahyrymyz Mämmetweli Kemine “Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize indi onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr” diýip, akyldaryň döredijiliginiň ündew, mazmun, çeperçilik babatda köpgyraňlydygyna döwürdeşleriniň ünsüni çekipdir.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy beýik şahsyýetiň adyny göterýändigi türkmen ýaşlaryny buýsandyrýar. Ýurdumyzda ýaşlary watansöýüjilik, halallyk ruhunda terbiýelemek, olaryň giň dünýägaraýyşly, ylymly-bilimli, sagdyn-bedenli, ruhy taýdan arassa, kämil düşünjeli bolup ýetişmekleri ugrunda giň gerimli işleri durmuşa geçirýär. Şol nukdaýnazardan                              1991-nji ýylyň 16-njy noýabrynda ýurdumyzyň öňdebaryjy ýaşlarynyň gatnaşmaklarynda döredijilik Gurultaýy geçirilip, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy döredildi we Tertipnamasy kabul edildi.

Ýurdumyzyň baýry, abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti 1931-nji ýylda Aşgabat mugallymçylyk instituty hökmünde esaslandyryldy. 1950-nji ýylda ol Türkmen döwlet uniwersitetine öwrüldi. Bu ýokary okuw mekdebi häzirki wagtda türkmeniň akyldar şahyry Magtymgulynyň adyny göterýär. Bu bolsa ýurdumyzda Gündogaryň beýik akyldar şahyry, filosof  Magtymguly Pyragynyň  adynyň geçmişde, şu günde we geljekde dabaralanjakdygynyň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda  Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy dünýä döwletleriniň taryhynda, döredijilik edebiýatynda görnükli orun eýeleýär. Şahyryň ömri, döredijiligi, durmuş ýoly  babatynda ýurdumyzda hem-de dünýä döwletlerinde dabaraly çäreler, ylmy maslahatlar yzygiderli geçirilýär.

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň “Ykdysady hünärler we takyk dersler” boýunça usuly birleşmesiniň “Hünärim bar – hormatym bar” atly hepdeliginiň çäklerinde Gündogaryň beýik söz ussadynyň 300 ýyllygy mynasybetli onuň ömri, döredijiligi, bilim alan ojaklary barada multimediýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly mugallymlaryň, talyplaryň gatnaşmagynda dabaraly maslahat geçirmekligi meýilleşdirýäris. Hepdeligiň çäklerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan sergi gurnamaklyk üçin ähli taýýarlyk işlerini geçirildi.

Adamzat kalbynyň arzuwlary amala aşdy. Akyldar şahyr, ilkinji nobatda berkarar döwleti arzuw edipdir. Arzuwlaryny özüniň gymmatly eserlerine siňdiripdir. Halkyň aňynda, hakydasynda, kalbynda orun alan şygyrlar şahyryň arzuwyny döwürlerden-döwürlere ýetirdi. Ussat şahyryň arzuw umytlaryny amala aşyrýan türkmen halkyna  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni bagyş eden, şahyryň döredijiligini ylmy esasda öwrenmäge ähli mümkinçilikleri  döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlary sag, ömürleri uzak bolsun, beýik işleri rowaçlyklara beslensin!

Nigara AMANOWA

“Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki  tehniki orta hünär okuw     mekdebiniň mugallymy

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: