Magtymguly Pyragy dünýä halkarynyň arasynda
“Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda, şeýle hem Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan ugur alnyp, täze — 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyrylmagy halkymyz üçin buýsançly waka öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda milli mirasymyzy, medeni gymmatlyklarymyzy düýpli öwrenmek, gorap saklamak we dünýä ýaýmak boýunça ägirt işler alnyp barylýar. Muňa mysal hökmünde, Pakistan Yslam Respublikasynda beýik türkmen şahyrynyň doglan gününiň 2024-nji ýylda giňden belleniljek 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragy we häzirki zaman dünýäsindäki halklaryň dostlugy» atly ylmy-amaly maslahatyň geçirilmegi, bu maslahatda Pakistanyň Federal miras we medeniýet ministri Saýed Jamal Şah çykyş edip, Magtymgulynyň baý edebi mirasy dogrusynda belledi we ýurtlaryň arasynda medeni hyzmatdaşlygy giňeltmegiň zerurdygyny aýtdy.
Ýene-de Eýran Yslam Respublikasynyň Yspyhan şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň geçirilmegi hem-de iki dostlukly ýurtduň ýazyjydyr şahyrlarynyň, alymlarynyň gatnaşmagynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan döredijilik duşuşygy geçirildi. Onda iki ýurduň alymlary Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň many-mazmuny, umumadamzat gymmatlygy barada, şol sanda şahyryň döredijiligini öwrenmek boýunça alymlar tarapyndan birnäçe işleriň alnyp barylýandygyny buýsanç bilen nygtadylar.
Şol sanda Gyrgyz-Türk Manas uniwersitetinde Türkmenistanyň Gyrgyz Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň adamzadyň ruhy-medeni gymmatlyklaryndaky ähmiýeti» atly halkara ylmy maslahat guraldy.
Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Berlin şäherinde Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Magtymguly Pyragynyň nemes dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy bilen birlikde, Berlinde «Magtymgulynyň şygryýetiniň Ýewropaly alymlar tarapyndan öwrenilişi» atly halkara ylmy maslahat, şeýle-de onuň dowamynda medeni çäreler hem geçirildi.
Türkmenistanyň Hindistandaky ilçihanasynda Gündogaryň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň hindi dilinde goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Ýygyndynyň köpçülige ýetirilmegi “Magtymguly Pyragy we Gündogaryň ruhy-medeni dünýäsi” atly ylmy-medeni maslahatyň çäklerinde guraldy.
Bu ylmy-medeni maslahatlar, medeni çäreler, duşuşyklar dünýäniň ençeme ýurtlarynda, ýagny Özbegistan, Owganystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Gazagystan, Türkiýe, Eýran, Pakistan, Hindistan, Germaniýa, Russiýa ýaly ýurtlarda geçirilmegi beýik şahyr we akyldar Magtymguly Pyraga goýulýan uly sarpanyň nyşanydyr.
Şeýle hem Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň işgärleri Täjigistan Respublikasynyň Duşenbe şäherinde bolup, ýurduň golýazma hazynalarynda we kitaphanalarynda ylmy-gözleg işlerini geçirdiler. Netijede, Magtymguly Pyragynyň ömrüne we döredijiligine, türkmen halkynyň taryhyna, edebiýatyna hem-de däp-dessuryna degişli 3 sany türkmen dilindäki, 47 sany pars we 9 sany arap dilindäki golýazmanyň, şeýle-de köp şahyrlaryň pars we türki dillerdäki goşgularyny özünde jemleýän 12 sany beýazyň, jemi 72 sany gymmat bahaly golýazmanyň üstünden bardylar.
Magtymguly diňe bir türkmen edebiýatynyň başynda durmak bilen çäklenmän, ol dünýä halklaryň edebiýatlaryna-da öz täsirini ýetirdi.
Türkmeniň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow: “Magtymguly Pyragy adamzada tämiz ruhly, sagdyn ahlakly, şirin zybanly ajaýyp şygyrlary miras galdyran akyldar şahyrdyr. Bu günki gün adamzat türkmen halkynyň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň hatyrasyny belentde tutup, beýik söz ussadynyň şygyrlaryndan egsilmez ylham, ruhy güýç alýar” diýip belleýär.
Ynha, şeýle meşhur, şeýle tanymal pähimdaryň adynyň, ömür ýolunyň, döredijiliginiň indi gaty köp ýyllardan bäri türkmen, türk, özbek halklarynyň şeýle-de birnäçe dünýä halkarynyň arasynda şertlendirip gelýändigi ýöne ýere däldir.
“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Nazar Hudaýberdiýew