Türkmen döwlet neşirýat gullugynda Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň professormugallymlary tarapyndan taýýarlanylan “Magtymguly Pyragy – dünýä danasy” atly ylmy makalalaryň ýygyndysy neşir edildi.
Bu kitapda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny we onuň dünýä edebiýatyndaky ornuny çuňňur öwrenmeklige degişli ylmy makalalaryň 120-den gowragy ýerleşdirilendir.
Akyldar şahyryň döredijiligi ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazynadyr. Şol gymmatly ruhy baýlygy öwrenmek we düşündirmek professormugallymlaryň, alymlaryň gaýragoýulmasyz wezipesidir.