BIZE YAZYARLAR

Magtymguly kim bolupdyr?

Magtymguly – akyldar, filosof, şahyr, watançy, syýahatçy, pedagog…

Magtymgulyny kime deňäp bolýar?

Magtymgulyny diňe Magtymgulynyň özüne deňemek mümkin. Türkmenler: “Ol Magtymguly ahyry?” diýip aýdýarlar. Bu aňlatma halkyň söýgüsinden habar berýär. Halk ähli çylşyrymly meseleriň çözgüdini, akyl-paýhasy Magtymgulynyň döredijiliginden gözleýär hem tapýar.

Magtymgulynyň edebi mirasy, akyl-paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri, onuň uly şahsyýeti belent adamkärçiligiň, ylahy päkligiň, ahlagyň, mertligiň, salykatlylygyň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär.

Türkmenistan Garaşsyzlygyny alandan soňra, Magtymgulynyň at-abraýy öňküden-de belent basgançaklara göterilip ugrady. Häzirki wagtda Magtymgula mynasyp baha berilýär.

Magtymgulynyň eserleri halkyň gepleşik diline ýakyn bolşy ýaly, olar halk durmuşyna ýakyn durmak bilen, köpçüligiň dert-aladasyny, pikir-hyýalyny, arzuw-islegini içgin suratlandyrypdyr.

Döwürdeşleri Magtymgulynyň eserlerinden özleriniň oý-pikirlerini, hal-ýagdaýlaryny, durmuşlaryny aýnadaky ýaly görüp bilipdirler. Şonuň üçinem, halk olary ýat tutup, nesilden-nesle ýadygärlik alyp galypdyr.

Magtymgulynyň şygyrlary halk durmuşyna iň içgin we çuňňur aralaşan eserler. Onuň derejesindäki köptaraplylyk, içginlik başga bir şahyrda gabat gelmeýär. Şonuň üçinem halk şahyryň eserlerini: “Magtymgulynyň aýtmadyk zady ýok. Olara welilik diýip bolmaz, ýöne bihal hem däldirler” diýip häsiýetlendiripdirler. Halkyň başga hiç kim hakda aýtmadyk bu sözleri häzir hem öz güýjüni saklap gelýär. Ol ertirki günlere-de geçer gider.

Magtymguly Pyragynyň ýüzlenmedik meselesi ýok diýerlikdir. Şolaryň içinde türkmen taýpalarynyň birleşip bir döwlet gurmak, mukaddes topragy jan-dilden söýmek, beýleki halklaryň wekilleri bilen doganlyk-dostluk, ata-enäni hormatlamak, özüňden ulyny sylamak, garyp-pakyrlara kömek etmek, sadaka bermek, ynsanperwerlik, söýgi… ýaly meselere şahyr yzygiderli ýüzlenipdir. Bu meseleler taryhy derwaýyslyk bolanlygy sebäpli, akyldar şahyryň hemişe ünsünde bolupdyr.

Magtymguly türkmen halkynyň guwanjydyr we buýsanjydyr. Döwürdeşleri öz wagtynda şahyryň şygyrlaryny ýat tutupdyrlar, hatly sowatly adamlar bir-birlerinden göçürip alypdyrlar.

Magtymguly özünden soňky we tä şu günki günlere çenli döredip gelýän şahyrlaryň ählisiniň hakyky halypasydyr. Mysal üçin, ХIХ asyr satiraçy şahyrymyz Mämmetweli Kemine «Magtymguly söz meýdanynyň oragyny orup gidipdir, bize indi onuň hoşasyny çöpläýmek galypdyr» diýip, akyldaryň döredijiliginiň ündew, mazmun, çeperçilik babatda köpgyraňlydygyna döwürdeşleriniň ünsüni çekipdir.

Magtymguly dünýä halklarynyň arasynda meşhurlyk gazanyp, türkmen edebiýatyny ýer ýüzüne äşgär eden ussat. Onuň ussatlygy, ilkinji nobatda milliligindedir, halkylygyndadyr. Akademik W.W. Bartold bu barada: “… türki halkyýetleriniň arasynda Magtymguly ýaly milli şahyrly halk diňe türkmenler” diýip, uly hormat bilen ýazypdyr.

Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz “Magtymguly Pyragy ylmyň, edebiýatyň, dünýä medeniýetiniň özünden öňki gazananlaryny akyl eleginden geçirip, dürdäne eserleri döretdi. Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy” diýip belleýşi ýaly, Magtymgulynyň ady Omar Haýýam, Ferdöwsi, Nyzamy, Nowaýy, Gaýyby, Kätibi, Zynhary, Kazy, Mätäji, Talyby ýaly Gündogaryň parlak ýyldyzlarynyň arasynda şöhle saçýar.

Jemläp aýdanymyzda Magtymguly halkyň ruhuna ýugrulan eserleri döredip, türkmen halkynyň baý edebi mirasyna öwrülip, külli türkmeniň milli şahyry boldy.

“Türkmenhimiýa”döwlet konserniniň Türkmenabat şäherindäki tehniki orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy

Akjemal Rozyýewa

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: