JEMGYÝET

Magnit hadysasyny nähili ýeňip geçmeli?

12-nji maýda ýerde iň güýçli magnit hadysady başlandy. Oňa bäş derejeli ölçegiň G3 derejesi berildi. Ilkinji magnit hadysasy 17-nji maýa çenli dowam eder. Ikinjisi ondan birnäçe gün soň — 20-nji maýdan soň başlanar, ýöne ol häzirkisi ýaly güýçli bolmaz. «mail.ru» bu hadysalary ýeňil geçirmegiň ýollaryny maslahat berýär.
Eger adam kelle agyrysyndan we baş aýlanmadan ejir çekýän bolsa, ukudan oýanan dessine birden ýerinden galmaly däl.
Magnit hadysasy döwründe fiziki işjeňlikden (türgenleşiklerden, maşklardan) doly boýun gaçyrmaly ýa-da ony azaltmaly.
Uklamazdan ozal arassa howada gezelenç etmeli, boldugyndan ir ýatmaly. Uky üçin azyndan 8 sagat wagty sarp etmeli.
Ýagly iýmitlerden we etden boýun gaçyrmaly, düzüminde kaliý we magniý bolan gök önümleri we miweleri köpüräk iýmeli, ganyň goýulaşmagynyň öňüni almak üçin köp suw içmeli.
Şonuň ýaly-da, ýaşaýyş we edara jaýlaryny köpüräk şemalladyp durmak maslahat berilýär.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями:

Leave a Reply