Magdanly şäherindäki folklor topary ilhalar eserleri taýýarlaýar
Köýtendag etrabynyň Magdanly şäher medeniýet merkeziniň düzüminde «Magdan» folklor topary, «Älemgoşar» çagalar döredijilik topary, şeýle hem «Saýrak bilbiller» aýdym we suratkeş-bezegçi gurnaklary hereket edýär.
Medeniýet merkeziniň «Magdan» adyny göterýän folklor toparyna 2002-nji ýyldan bäri Muhabat Joraýewa ýolbaşçylyk edip gelýär. Topar dürli baýramçylyklarda, dabaralarda «Gül keteni», «Çakmak daşym — gaýrak daşym», «Araba, ýoluň nirede?», «Kilim», «Gopuz», «Alaja», «Hekgele-hekgele, dükgele-dükgele» ýaly folklor çykyşlaryny hödürleýär. 2012-nji ýylda topar Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip yglan edildi.