MEDENIÝET

Magdanly şäher medeniýet öýünde sungat muşdaklaryna täsirli eserler hödürlenilýär

Köýtendag etrap medeniýet bölüminiň Magdanly şäher medeniýet merkezinde «Magdan» folklor topary, «Älemgoşar» çagalar döredijilik topary, şeýle hem «Saýrak bilbiller» aýdym we suratkeş-bezegçi gurnaklary hereket edýär.
Dürli magdana juda baý mekanda «Magdan» adyny göterýän folklor toparyna 2002-nji ýyldan bäri Muhabat Joraýewa ýolbaşçylyk edip gelýär. Bulardan başga-da toparyň üstünligi hökmünde halk döredijiliginden «Ýar-ýar», «Öleňler», «Gelin salamy», «Beşik toýy», «Bäbek toýy», «Gatlama», «Üme», şeýle hem bagtyýar zamanamyzyň nurana dünýäsini şöhlelendirýän «Ak pagtam – ak bagtym», «Täze ýyl», «Bedew», «Ýüpek –
pile», «Şanly toýuň mübärek – Watan» ýaly folklor eserlerini görkezmek bolar. Tamamlanan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli akyldar şahyryň goşgulary esasynda «Altyndan biz, kümüşden biz, zerden biz, Ösüşlere guwanýarys her dem biz» diýlen ýaly şahyrana setirleri öz içine alýan «Gözelleriň waspy» atly folklor eseriniň taýýarlanmagy, häzirki wagtda hem täze Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýyly mynasybetli halkymyzyň ynsanperwerlige ýugrulan dost-doganlyk ýörelgelerini öz içine alýan täze folklor eserine girişilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik başlangyçlaryny ilat arasynda wagyz etmeklige folklor toparynyň agzalarynyň öz mynasyp goşantlaryny goşýandyklarynyň aýdyň
subutnamasydyr.