Medeniýet ministrliginiň hünärmenleriniň Lebap welaýatyna saparynyň dowamynda Magdanly şäheriniň «Magdan» folklor toparynyň üýtgeşik çykyşlaryna uly baha berildi. Toparyň agzalary öz çykyşlarynda gadymy çarwa durmuşynyň aýrylmaz bölegi bolan çakmak daşlaryny we gatyk ýaýmakda ulanylan tulumlary ulanyp, taryhy däpleri janlandyrýarlar.
Folklor toparynyň gaznasynda çaga uky horaz gygyranda ýa-da it üýrende bozulmaz ýaly aýdylýan hüwdüler we «Gyz Mylaýym» ýaly çarwa durmuşyny suratlandyrýan aýdyşyklar aýratyn orun tutýar. Şeýle hem, Köýtendag çopanlarynyň häzirki günlerde hem ulanýan tulumlarynyň taryhy ähmiýeti, olaryň derýadan geçmekde we ýag saklamakda ulanylyşy baradaky maglumatlar okyjylarda uly gyzyklandyrma döredýär.
«Magdan» folklor topary çakmak daşlary we tulum bilen taryhy janlandyrýar
17
Mar

