Madonna Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi
65 ýaşly aýdymçy Madonna aýdym-saz taryhynda iň köp satylan aýdymlary bilen Ginnesiň rekordyna girdi. Onuň 40 ýyllyk işiniň dowamynda 400 milliondan gowrak albomy, aýdymlary satuwa çykaryldy.
Maglumatlara görä, Madonna bu ugurda 2009-njy ýyldan bäri öňdebaryjydyr. Ondan soňky orunlarda aýdymçylar Rihanna, Meraýýa Keri, Teýlor Swift we Beýonseniň atlary agzalýar.
Häzirki wagtda Madonna Teýlor Swiftiň “Тҳе Eras Тоур” we Beýonseniň “Renaissance Тоур”-y bilen bäsleşýär.
Şol bir wagtyň özünde Madonna “Baýramçylyk syýahaty” aýdym-sazly tapgyrynyň çäginde konsertler bermegini dowam etdirýär.