Lebap welaýat enäniň we çaganyň saglygy ny goraýyş merkeziniň lukmanlary tarapyndan welaýat neşirinde gyşyň häzirki günlerinde ýiti respirator kesellerinden goranmak bilen bagly maslahatlar paýlaşyldy.
Neşirde ýazylyşy ýaly, gyş paslynyň gelmegi bilen ýiti respirator keselleriniň ýokuşmak ähtimallygy has-da artýar. Kesel ýokuşanda, kellagyry, bedeniň gyzgynlygynyň ýokary galmagy, ysgynsyzlyk, asgyrmak, gözden ýaş akmak, bokurdagyň gyzarmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar.
Keselden goranmak üçin ýaşaýyş we edara jaýlarynyň howasyny çalşyp
durmak, ýelejiretmek zerur bolup durýar. Jaýlaryň howasyny tämiz saklap, ýokançlaryň howada toplanmagynyň öňüni alyp bolýar. Uzak wagtlap sowuk ýerde bolup, kesele garşy durnuklylygyň peselmegi sebäpli adamyň bedeni ýiti sowuklama keseliniň ýokançlaryna duýgur bolýar. Şol sebäpli otaglar ýelejiredilende, şemalyň öňünde durmaly däldir. Otaglarda çalt-çaltdan çygly arassalaýyş işlerini geçirip durmaly. Köpräk miwe we bakja önümlerini iýmeli. С ýokumyna baý narpyzly, ary bally we limonly çaýlary köpräk içmeli. Şeýle-de mäşli, noýbaly unaş örän peýdaly.
Lukmanlar ýiti respirator kesellerinden goranmak babatynda maslahatlaryny berýärler

19
Dec