LUKMANÇYLYK

Lukmanlar we žurnalistler BSGG-niň geçiren okuwyna gatnaşdylar

BSGG-niň Türkmenistandaky ýurt bölümi saglygy goraýyş işgärleri we habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin COVID-19-a garşy sanjym döwründe jemgyýeti netijeli habardar etme meseleleri boýunça okuw geçirdi, diýip «Türkmenistan. Altyn asyr» saýty habar berýär.

Bu okuw Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň we Ýewropa Bileleşiginiň Merkezi Aziýa ýurtlary üçin COVID-19-a garşy çäreler taslamasynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi bilen bilelikdäki howply gatnaşyklar şertlerinde saglygy goraýyş işgärleriniň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak we KHB serişdeleleri arkaly sanjym barada ygtybarly maglumatlary ýaýratmak boýunça işleriň çäginde gurnaldy.

BSGG-niň Ýewropa boýunça sebit bölüminiň hünärmenleri COVID-19-a garşy sanjym kampaniýasy wagtynda hassalar bilen netijeli gatnaşyk usullary, olaryň sanjymlara we immunizasiýa ynamlaryny artdyrmak maksady bilen, saglygy goraýyş işgärleriniň näsaglar tarapyndan berlip bilinjek soraglara jogap bermegiň usullaryny öwretdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: