JEMGYÝET

Lukmanlar täze kitap bilen tanyşdylar

Lebap welaýat «Ene mähri» merkezinde Saglygy goraýyş işgärleriniň Türkmenabat şäher geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» atly ilkinji eseriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.

Oňa merkeziň hem-de welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň ýaş lukmanlary gatnaşdylar.

Döwlet Baştutanynyň ilkinji kitabynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň netijeli işleri barada hem agzalýar. Ýaş nesilleriň alnyndan ak Gün bolup dogan gazna amala aşyrýan ýakymly işleri bilen ýüreklerde tagt gurýar. Lukmanlar eden çykyşlarynda kitabyň gaznanyň işi bilen bagly setirlerinden mysallary getirip, bu işiň jümmüşindedikleri üçin şatlygyny beýan etdiler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: