Lukmanlar biraýlygyň çärelerinde

Sep 16, 2020

«Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk mynasybetli alnyp barylýan işlere saglygy goraýyş işgärleri hem ýakyndan gatnaşyp, goşant goşýarlar.
Welaýat saglygy goraýyş müdirligi tarapyndan işlenip düzülen meýilnama dürli maslahatlary, wagyz-nesihat çärelerini we bäsleşiklerdir ýaryşlary öz içine alýar. Müdirligiň we AIDS-iň öňüni alyş merkeziniň lukmanlary şu günler şol çäreleri yzygiderli guraýarlar we ýakyndan gatnaşýarlar.
Saglygy goraýyş işgärleri ýol hereketi gullugynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen birlikde biraýlyk bilen adybir maslahatlardyr wagyz-nesihat çärelerine gatnaşýar. Biraýlyk bilen baglanyşykly wideogörnüşleri, telegepleşikleri taýýarlamak, gazet-žurnallarda mowzuklaýyn makalalar bilen çykyş etmek, pudagara toparyň wekilleriniň gatnaşmagynda «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikleri guramak we bu işleriň ählisini ilatyň dykgatyna ýetirmek boýunça-da saglygy goraýyş işgärleri çetde durmaýarlar.
Müdirlik tarapyndan göz öňünde tutulan çäreleriň aglabasy bilim we terbiýeçilik edaralary bilen baglydyr. Şu günler orta mekdepleriniň okuwçylaryna «Ýol hereketiniň kadalaryny bilýärin» diýen at bilen türkmen we rus dillerinde diktantlar ýazdyrylýar. Bilim we terbiýeçilik edaralarynyň ähli basgançaklarynda (çagalar baglaryndan başlap, ýokary okuw mekdeplerine çenli), degişli edara-kärhanalarda okuw sapaklary geçirilýär.
Welaýatyň 1 — 7-nji synp okuwçylarynyň arasynda yglan edilen «Howpsuz hereket» atly surat we diwar gazetleriniň bäsleşigi hem uly gyzyklanma eýe boldy. Şeýle hem welaýatymyzyň çägindäki orta mekdepleriň ählisinde «Ýol hereketiniň howpsuzlygyny berjaý edeliň!» atly diwarlyklar taýýarlanyldy, ýörite burçlar döredildi.
Saglygy goraýyş işgärleri sürüjileriň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat çärelerine hem ýakyndan gatnaşýarlar.

Поделиться ссылкой:

Leave a Reply

Войти с помощью: