LUKMANÇYLYK

Lukmanlar bilen duşuşyklar geçirildi

 Türkmenistanyň «Gyzyl Ýarymaý» milli jemgyýetiniň Çärjew, Darganata we Dänew etraplaryndaky wekili Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Dänew, Darganata we Çärjew etrap hem-de Garaşsyzlyk şäher hassahanalarynda oba saglyk öýleriniň lukmanlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat duşuşyklaryny gurady.

 Duşuşyklaryň her birine saglygy goraýyş işgärleriniň 50-ä golaýy gatnaşdy.

 Geçirilen duşuşyklaryň esasy maksady «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilişi, ýokanç we ýokanç däl keselleriň öňüni almak, ynsan saglygyny goramak we adam ömrüni uzaltmak bilen bagly bilelikde geçirilmeli işleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.

 Şunda saglygy goraýyş işgärleriniň hemişe ýanynda durýan Türkmenistanyň «Gyzyl Ýarymaý» milli jemgyýetiniň mundan beýläk hem ähli ýardam-kömekleri bermäge taýýardygy aýdyldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: