Lukmançylyga goşant goşan alymlar
Ata-babalarymyz dermanlyk ösümlikleri we minerallary öwrenip, olardan derman taýýarlamak, aýnalary ýasamak ýaly işläp çykaryşyň dürli ugurlaryndan synaglar geçiripdirler. Gündogarda himiýa, minerologiýa, lukmançylyk ylymlary juda ir döwürlerden rowaçlanyp başlapdyr.
Orta Aziýada himiýanyň we lukmançylygyň ösmekligine beýik alymlar öz şahsy goşantlaryny goşupdyrlar. Orta asyrlarda gündogarda, esasanam, Orta Aziýada lukmançylyk ylmynyň taryhynda Ibn Sinanyň eserleri aýratyn uly orun tutýar. Ol Orta asyrlarda ýaşap geçen gündogar tebipleriniň iň görnükli wekilleriniň biridir.
Mälim bolşy ýaly, Abu Ali Ibn Sina dürli ylymlar bilen meşgullanypdyr. Ol tebipçilige aýratyn uly sarpa goýupdyr. Meşhur alym hökmünde öz döwrüniň ähli ylymlaryndan baş çykarypdyr.
Alymyň ýazan ylmy işleriniň 242-si biziň günlerimize gelip ýetipdir. Şolaryň 80 sanysy pelsepe, ylahyýet we sopuçylyk ugurlaryna degişli bolupdyr. Ylmy işleriň 43 işi tebipçilige, 26-sy ruhşynaslyga, 23 sanysy bolsa tebigat ylmyna bagyşlanypdyr. Ibn Sina edebiýat, aýdym-saz, himýa, edep barada-da birnäçe işleri ýazypdyr. Alymyň «Kitap al-kanun» atly kitabynda ýüzden gowrak himiki maddalar barada pikirleri beýan edilýär.
Kitapda alym ösümliklerden we haýwanlardan alynýan 811 sany dermanyň adyny elipbiý tertibinde ýerleşdirip, her dermanyň haýsy kesele dermandygyny görkezipdir.
Kitapda tebigatda taýýar halda duş gelmeýän dermanlary taýýarlamaklygyň ýollary barada hem birnäçe maglumatlar berilýär.
Ibn Sina öz eserlerinde suwuň erediji, birleşdiriji häsiýetlerine aýratyn uly ähmiýet beripdir. Ol ýeriň astyndan çykýan mineral suwlaryň düzüminde bejerijilik häsiýetli her hili erän metallaryň, aýratyn-da altyn we kümüş duzlarynyň bardygy baradaky çaklamany öňe sürüpdir.
Orta Aziýada birinji bolup derman ýasamak ylmy hakynda Abu Reýhan Biruny özüniň eserlerini ýazypdyr. Awtoryň ýazmagyna görä, bu ylym Birunynyň döwründe tebipçiligiň iň ýokary derejesi hasaplanylyp, hemme ylymlar şoňa hyzmat edipdir. Alymyň eserleri öz döwri üçin Merkezi Aziýa we Ýakyn Gündogar Ýewropa minerologiýasynda iň gowy işleriň bir hasaplanylýar. Onuň iň soňky eseri bolan «Dermanlyk ösümlikler hakyndaky» kitabynyň golýazmasy 20 asyryň 30-njy ýyllarynda tapylypdyr. Bu eserde Gündogarda bitýän dermanlyk ösümliklere düşündiriş berilipdir.
Biruny özüniň ylmy işlerinde öz geçiren tejribelerine, usullaryna daýanypdyr. Ol tejribe usulyny görülmedik derejede ýokary göteripdir. Gündogar alymlarynyň biri Abu Bekr Ar Razy hem derman bilen bejermegiň ýollary hakynda kitap ýazypdyr. 10 asyryň başlarynda ýaşap geçen Abu Mansur Hasan ibn Nuh al-Kumry hem tebipçilik bilen meşgullanan alymlaryň biridir. Ol öz kitabynda ynsan bedeninde peýda bolýan keseller, olara peýda edýän dermanlar we keseli bejermegiň ýollary hakynda birnäçe maglumatlary ýazypdyr. Ýer ýüzündäki birnäçe döwletler ýaly Türkmenistan hem juda gadymy we baý medeni baýlyklaryň eýesidir. Türkmenistan we umuman Merkezi Aziýada alnyp barylan gazuw agtaryş işleri munuň şeýledigine güwä geçýär.
Döwran Kambarow,
Türkmenabadyň lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymy.