Lukman zenanlar bilen baýramçylyk dabarasy geçirildi
Lebap welaýat saglygy goraýyş müdirligi we saglygy goraýyş işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramalarynyň başlyklarynyň Türkmenabat şäher geňeşi bilen bilelikde Türkmenabat şäherindäki «Diýar» toý dabaralary merkezinde «Zenan ― ýaşaýşyň bezegi» atly baýramçylyk çäresi geçirildi.
Oňa saglygy goraýyş ulgamynyň wekilleri, kümüş saçly eneler, medeniýet işgärleri we welaýatyň öňdebaryjy zenanlary gatnaşdylar.
Ýokary guramaçylyga beslenen dabarada lukmanlar Halkara zenanlar güni mynasybetli gutlaglar bilen çykyş etdiler. Gutlaglarda gelin-gyzlaryň şanyna gowudan-gowy arzuwlar tüýs ýürekden beýan edildi. Ene mähribanlygy, ruhy jomartlygy üçin çuňňur hoşallyk sözleri aýdyldy.
Dabarada şäher medeniýet öýüniň aýdymçylarynyň öý-ojagyna wepaly, mertlikde, gözellikde, işewürlikde nusgalyk bolan zenanlary wasp edýän aýdymlary, tanslary, sazandalaryň çalan şirinden-şirin sazlary, wäşileriň şadyýan çykyşlary bu ýere gelenlere şatlyk-şowhun paýlady.