LUKMANÇYLYK

Lukman Mýasnikow: gazlandyrylan süýji içgiler saglyk üçin zyýanly

Lukman we telewideniýäniň alyp baryjysy Aleksandr Mýasnikow «Россия 1» telekanalynyň ýaýlymynda käbir içgileriň peýdasyny we zyýanyny açyp görkezdi, diýip habar РИА «Новости» berýär.

Hünärmeniň aýtmagyna görä, gazlandyrylan süýji içgiler saglyk üçin has howpludyr. Ol bu önümiň hemme ýerde satylýandygyny hem aýtdy.

Lukman adaty suwy hem diňe suwsan wagtyň içmelidigini belledi. Ýöne, umuman alanda, onuň zyýany az, diýip ol belledi.

Şonuň ýaly-da, Mýasnikow çaýyň we kofeniň peýdaly häsiýetleriniň bardygyny gürrüň berdi. Mysal üçin, kofe ýürek-damar we bagyryň keselleriniň öňüni almaga mümkinçilik berýändigini, gök çaýyň bolsa çiş keselleriniň garşysyna göreşijilik ukybynyň bardygyny aýtdy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: