LUKMANÇYLYK

Lukman güýz iýmitleri barada maslahat berdi

Lukman Saýina Gogolewa güýzde immuniteti ýokarlandyrýan önümler barada maglumat berdi. Ol C witamine baý miweleri we gök önümleri iýmegi maslahat berýär- diýip, Life.ru ýazýar. Hünärmen olaryň arasynda esasanam sitrus miweleri, kelem, nar, behi we almalary aýratyn belläp geçdi. Gogolewa C witaminiň dokumalarda oksidleýji stres bilen göreşýändigini we kislorod bilen doýgun maddalary bedenden çykarmagyna kömek edýändigini düşündirdi. Mundan başga-da, güýzde iýmitiňiziň arasyna A, E we K witaminlerine baý bolan kädini, şalgamy, gyzyl balygy we hozy goşmaly. Süňkleri güýçlendirmek üçin zerur bolan D witamini, süýt önümleri, deňiz balyklary, ýumurtgalar we kömelekler hem möhümdir. Dietologyň goşmaça bellige görä, güýzde bakteriýa we wirusa garşy täsire eýe bolan sogan we sarymsagy has köp iýmelidir.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: