Pasyl çalşygy döwründe möwsümleýin ýokanç keselleriň döremek töwekgelçiligi artýar. Şeýle günlerde käbir raýatlaryň antibiotik serişdelerini özbaşdak kabul edip başlamagy saglyk üçin howp döredýär. Türkmenabat şäherindäki 1-nji saglyk öýüniň lukmany Muhabbat Orunbaýewa antibiotikleriň bakteriýalaryň we mörjewleriň köpelmegini togtadýan dermanlyk serişdeleridigini, olaryň diňe lukmanyň görkezmesi boýunça ulanylmalydygyny belledi. Onuň sözlerine görä, antibiotikleri özbaşdak kabul etmek allergiýa, aşgazan-içege keselleri, içegedäki peýdaly bakteriýalaryň azalmagy hem-de kömelek ýokançlarynyň döremegi ýaly ýagdaýlara getirip biler.
Lukman bejergini doly tamamlamagyň möhümdigini aýratyn nygtady. Antibiotikleriň bejerijilik täsiriniň doly ýüze çykmagy üçin lukmanyň belleýän möhletini saklamak zerurdyr. Şeýle-de möwsümleýin kesellere garşy milli sanjym tertipnamasyna laýyklykda geçirilýän öňüni alyş çäreleriniň ähmiýeti bellendi. Bedeniň kesele garşy durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin maşgala lukmany bilen maslahatlaşyp, dermanlyk ösümliklerden taýýarlanan serişdeleri ulanmak we sagdyn durmuş ýörelgesine eýermek maslahat berildi.

