BIZE YAZYARLAR

Lotos güli 

Lotos — suwda gögerýän owadan gülli ösümlik bolup, ol gadymy Müsürde tämizligiň, päkligiň nyşany mukaddesligiň we rysgal berekediň güli hasaplanylypdyr. Yryma görä, eger Nil derýasy joşanda lotos güli köp gögerse, onda şol ýyl bereketli  bolup, ene toprak bol hasyl eçilermiş.

Köp ýurtlarda lotosyň köki edil ýeralma ýaly nahara goşulýar ýa-da gowrulyp iýilýär. Lotosyň köki ajaýyp tagamy we özüniň lukmançylykdaky bejerijilik täsiri bilen aýratyn tapawutlanýar. Bu gülüň ýapraklaryndan dürli şirinlikleri taýýarlaýarlar, baldaklaryny işdäaçarlara goşýarlar. Gadymy Müsürde lotos gülüniň dänelerini üwäp çörek hem bişiripdirler.

Lotosdan sowgat edilen çemen adamlaryň arasyndaky gatnaşyklaryň päkliginden habar berýän düşünje hökmünde Ýewropa ýurtlarynda has-da ýörgünlidir.

 Taýýarlan Aýna Batyrowa,

Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyby.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: