LIWIÝA AÝNASY-ÜÝTGEŞIK ÇIGIREK
- UNCATEGORIZED

LIWIÝA AÝNASY-ÜÝTGEŞIK ÇIGIREK

       Liwiýa çöllügi Saharanyň uly bir bölegi bolup, ol Müsür we Sudan çöllerini hem öz içine alýar. Bu çöllükde üýtgeşik bir çigirek(mineral)-liwiýa aýnasy duş gelýär. Onuň hakyky gelip çykyşyny alymlara häzirlikçe anyklamak başardanok. Ýöne käbir çaklamalara görä, mundan 28 million ýyl öň şu ýerlere  ullakan asman jisimi gaçypdyr we ýarylyp çägäni eredip aýna böleklerini emele getiripdir.Alymlar ol aýna böleklerini Ýer togalagynyň başga ýerlerinde duşýanlaryndan düzüminde kremni dioksidiniň has köplügi bilen tapawutlandyrýarlar. Onuň 98 göterimi şol çigirekden durýar. Emeli usulda- häzirki ösen tehnologiýada-da düzüminde şeýle ýokary kremni dioksidli aýna öndürmeklik hiç kime başardanok. Ýöne alymlaryň ol aýdýan döwründe Sahara çöli bolmandyr, soňra-da asman jisiminiň ýarylmagy bilen ol çäklerde çägäniň eräp aýna öwrülmegi mümkin däl. Eger asman jisimi ýokarda ýarylyp, şeýle ulymeýdana düşende-de, ol döwürde Sahara çöli ýok bolsa, çäge nireden peýda bolduka?  Häzirlikçe soraglar jogapsyz galýar.

(Internet maglumatlary esasynda taýýarlanyldy).

                                           Taýýarlan Allaýar ORAZOW.