JEMGYÝET

Liwanda merhum garyndaşlarynyň göz alnynda direldi

Liwanda tabytda ýatan merhum gynanýan garyndaşlarynyň göz alnynda direldi. Bu barada «Daily Star»-a salgylanmak bilen, «rambler.ru» habar berýär. «Merhum» bilen baglanyşykly waka iýulyň ahyrynda El-Hirmil şäherinde (Bekaa welaýatynda) hoşlaşyk gidip duran wagty boldy. Ony (erkek adamy) öwlüýä äkitmezlerinden ozal gynanyp duran ýakynlary garyndaşynyň deminiň gelip-gidýändigini we gymyldaýandygyny görüpdirler. Adamlar dessine tiz kömegi çagyrypdyrlar we ol özüne geler ýaly çäreleri geçirip başlapdyrlar. Hassahanada lukmanlar liwanlydygynyň diridigini ykrar edipdirler we oňa lukmançylyk kömegini beripdirler.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: