DÜNÝÄDÄKI HABARLAR

Littl Brýuster adamyň garamagynda galan maýakly adajykdyr

Meýdany 1000 inedördül metrdenem az kiçijik gaýaly ada Bostondan 14 kilometr uzaklykda ýerleşýär. Bu adamyň garamagynda işleýän maýak galan ýekeje adajykdyr. Beýleki ähli deňiz gämilerine ýol görkezýän şular ýaly binalar awtomatlaşdyrylan, diýip «mail.ru» ýazýar.

«Boston ýagtylygy» diýlip atlandyrylýan owadan maýaga sakçy Sallu Sloumen hyzmat edýär. Bu üstüne şeýle jogapkärli wezipe ýüklenen ýeke-täk zenandyr. Maýagyň sakçysy birnäçe aýlap adada ýeke özi bolýar, azyk we beýleki gerek-ýaraklary oňa gaýykda «uly ýerden» getirýärler. Adada telewideniýe we internet ýok. Ýöne bu ýere gelip görmek bolýar. Ada syýahatçylar gelýärler, Sallini adamsy hem ýylda birnäçe aýlap amatsyz ýer bölejiginde onuň bilen bile ýaşaýar.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: