BILIM

Lebap welaýatynyň bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi

Welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynda Türkmenabat şäheriniň öňde baryjy bilim işgärleriniň maslahaty geçirildi.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda geçirilen çärede geçen okuw ýylynda amala aşyrylan işlere seljerme berildi we ösüp gelýän nesle bilim we terbiýe bermek boýunça bilim işgärleriniň öňlerinde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy. Maslahatda çykyş edenler bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň berýän miweleri, mekdepleriň, çagalar baglarynyň maddy enjamlaýyn üpjünçiliginiň gowulandyrylmagynyň okuw-terbiýeçilik işlerini döwrüň talaplaryna laýyk guramaga giň mümkinçilikleri açandygy barada durup geçdiler. Okuwyň gidişine okatmagyň täze usullaryň ornaşdyrylyşy, olaryň berýän oňyn netijeleri hem seljerildi. Şonuň ýaly-da, öňde baryjy bilim işgärleriniň iş tejribeleri bilen tanyşdyryldy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: