«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynyň işgärleriniň arasynda sportuň bäş görnüşi boýunça ýaryşlar geçirildi. Olara kärhananyň işgärleri agzybirlik bilen gatnaşdylar.
Kiçi futbol boýunça geçirilen ýaryşlarda şäher telefon aragatnaşyk bölüminiň toparyna taý tapylmady. Olar ýaryşyň dowamynda bäsdeşleriniň ählisinden uly hasap bilen üstün çykdylar.
Woleýbol boýunça geçirilen ýaryşlarda oba telefon aragatnaşyk bölüminiň topary netijeli çykyş edip, birinji orna mynasyp boldy. Buhgalteriýa hasabat bölüminiň hünärmeni Kerim Jumabaýew küşt boýunça geçirilen ýaryşda ähli bäsdeşlerinden tapawutlandy. Şaşka boýunça geçirilen ýaryşda bolsa müşderiler bilen işleýän we hasaplaşyk geçirýän bölüminiň hünärmeni Pälwan Ýaýlanowa taý tapylmady. Maliýe-ykdysadyýet bölüminiň baş hünärmeni Batyr Orazow stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça geçirilen
ýaryşlarda ähli bäsdeşlerinden rüstem geldi.
«Lebaptelekomuň» işgärleriniň arasynda sport ýaryşlary geçirildi

25
Apr