«Lebaptelekom» täze hyzmatlary hödürleýär
«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasy 2024-nji ýyla täze hyzmatlarynyň gerimini giňeltmek bilen girişdi.
Kärhananyň öz müşderilerine hödürleýän döwrebap hyzmatlarynyň ilkinjileriniň hatarynda GPON telefon beketlerini görkezip bileris. Bu hyzmat häzirki wagtda Türkmenabat şäherinde we etraplarda elýeterli edilýär. GPON hyzmaty arkaly ildeşlerimiz ýokary hilli aragatnaşyk ulgamlary bilen üpjün edilýär. Has takygy, GPON ulgamlary optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy bolup, ol telefon, internet we telewideniýe hyzmatlaryny bir wagtyň özünde elýeterli edýär. Mundan beýläk bu hyzmatlaryň her haýsy üçin aýry ulgamlary çekmek zerurlygy aradan aýrylýar.
Mundan başga-da, indi ildeşlerimize ýokary tizlikli Internet bilen birlikde «Älem TV» we «Belet Film» hyzmatlary berilýär. «Lebaptelekomyň» üsti bilen berlen hyzmatlarda olardan peýdalanmak üçin aýratyn kart satyn almak mümkinçiligi aradan aýrylýar. Hyzmatyň bahasy kartly ulgamdan elýeterlidir.
Ýeri gelende aýtsak, «Älem TV» hyzmatyndan peýdalanyjylar milli teleradioýaýlymlarymyz bilen bilelikde Russiýanyň, Türkiýänyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Hindistanyň saýlama teleýaýlymlaryna ýokary hilde tomaşa etmek mümkinçiligine eýe bolýarlar. «Belet Film» hyzmaty bolsa ýokary hilli filmleriň, dürli gepleşikleriň we gyzykly güýmenjeleriň 5 müňden gowragyny hödürleýär.