JEMGYÝET

«Lebaptelekom» döwrebap hyzmatlary bagyşlaýar

«Lebaptelekom» welaýat elektrik aragatnaşyk kärhanasynda oturdylan dünýä ülňülerine laýyk gelýän kämil tilsimatlar, şol sanda, optiki süýümli aragatnaşyk ulgamy, internet hyzmatlary ilatda çäksiz kanagatlanma döredýär.

Muňa bolsa, soňky döwürde gurnalan «Huawei MA5616», «Huawei5600», «Zyxel IP DSLAM IES-5000/6000» enjamlarynyň mysalynda hem göz ýetirmek bolýar.

Welaýat neşiriniň habar berşi ýaly kärhanada işleriň ýola goýluşyny mundan beýläk hem kämilleşdirmek bilen bagly işler alnyp barylýar.