JEMGYÝET

«Lebaptaslamanyň» wekili hormatly adyň eýesi boldy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 19-njy sentýabrda gol çeken resminamasy bilen Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň
«Türkmendöwlettaslama» baş döwlet taslama birleşiginiň «Lebaptaslama» taslama institutynyň 7-nji inžener ulgamlar bölüminiň başlygy Bahram Nurýagdyýewiç Ýangibaýew «Türkmenistanyň at gazanan gurluşykçysy» diýen hormatly adyň eýesi boldy.
Baýry gurluşykça mynasyp bolan hormatly ady bu pudakda döwlet sylaglaryna mynasyp bolanlaryň uly topary bilen birlikde 20-nji sentýabr güni Aşgabat şäherinde gowşuryldy.