JEMGYÝET

«Lebapsuwhojalyga» täze tehnikalaryň 40-dan gowragy gelip gowuşdy

«Lebapsuwhojalyk» önümçilik birleşigine Slowakiýanyň we Gazagystanyň kuwwatly suw çykaryjy tehnikalarynyň 41 sanysy gelip gowuşdy.
Önümçilik birleşiginiň başlygynyň orunbasary Hatam Halykow geçen ýylda hem şeýle kuwwatly suw göterijileriniň şunça möçberdäkisiniň getirilendigini aýdýar. Şu getirilen suw göterijiler dürli kuwwatlykly bolup, sekuntda 300 litrden 700 litre, sekuntda 700 litrden 1500 litre, sekuntda 700 litrden 2500 litre çenli suw çykarmaga ukyplydyr. Olar önümçilik birleşiginiň etraplardaky bölümlerine paýlanylyp berildi.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: