- ESASY HABARLAR, JEMGYÝET

«Lebappoçta» – täze ösüşlere tarap

Üstümizdäki ýylyň batly gadamlary «Lebappoçta» welaýat poçta-aragatnaşyk kärhanasynyň alyp barýan işlerinde hem aýdyň görünýär. Ilata edýän hyzmatlarynyň arasyna EMS, çaparçylyk ýaly täze hyzmatlary hem goşan kärhanada we onuň etrap-şäherlerdäki bölümlerinde gazanylan ösüşler göwnüňi göterýär.

EMS ýa-da başgaça aýtsak tizleşdirilen poçta gullugynyň hyzmatlary boýunça diňe şu ýylyň özünde 150 müňe golaý poçta ýurdumyzyň içine ýa-da daşary ýurtlara ugradyldy. Şeýle hem hatlaryň 103 müňe, uly göwrümli (agramy 2 ― 20 kilogram aralygyndaky) poçtalaryň 3 müňe golaýy barmaly ýerlerine öz wagtynda gowşuryldy. Edil häzirki günlere çenli salgydan-salga eltip berlen poçtalaryň sany 3 müňden hem geçýär.

Ýylyň ikinji ýarymynda kärhananyň hünärmenleri 456 müň 501 sany gazet-žurnaly okyjylaryna gowşurýarlar. Bu san geçen ýylyň degişli döwründe 105,86 göterim ösüşiň gazanylandygyny görkezýär.