YKDYSADYÝET

«Lebapnebitgazgözleg» 6800 metr çuňlukdaky guýyny burawlaýar

«Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň «Lebapnebitgazgözleg» ekspedisiýasynyň işgärleri Uzynada meýdançasynda 16-njy gözleg guýusynda buraw işlerini geçirýärler.

Guýynyň taslama çuňlugy 6800 metr. Bu günki gün eýýäm 5000 metrden gowrak çuňluk burawlandy. Burawçylar toparyna buraw desgasynyň başlygy Halmyrat Rozyýew ýolbaşçylyk edýär.

Häzirki wagtda olar Hazar deňziniň kenarynda ýerleşen Uzynada käninde zähmet çekýärler. Eýýäm birnäçe ýyldan bäri bu meýdançada gözleg burawlamasy boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Hut şu ýerde ýurdumyzda ilkinji aşa çuňlukdaky guýy burawlandy. Ýedi müň metr töweregi çuňlukdan nebitiň we gaz kondensatynyň senagat akymy alyndy. Soňra ýene-de şu çuňlukdaky iki guýy burawlandy, olardan hem uglewodorod çig malynyň baý akymy alyndy.

Понравилась статья? Поделиться с друзьями: